Örän ýokanç. Öňünden çak edip bolmaýar. Çalt mutasiýa bolýar.
Bu sözleri öňem eşidipdik, emma bu gezek tema koronawirus barada däl. Bu ýyl başga bir wirus ünsleri özüne çekýär. Alymlar bu wirusyň adamlarda ölüm derejesiniň 50 göterimden gowrakdygyny aýdýarlar.
Üstünde duran wirusymyz “H5N1 guş gribi” ýa-da diňe “guş gribi” diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, wirus esasanam guşlara täsir edýär, ýöne kämahallar kesel haýwanlar bilen aragatnaşyk arkaly adamlarada ýokup bilýär. Şeýlelik bilen bu keseliň adamdan adama ýaýramagy mümkinmi? Biz pandemiýa barada aladalanmalymy?
Men Parahat Nuryyew, siz bolsa TRT Global podkastyň “Guş gribi: Biz oňa aladalanmalymy?” atly bölümini diňleýärsiňiz.
Eger habarlary okaýan bolsaňyz, onda guş gribiniň ýaňadandan gün tertibe gelendigini eşiden bolan bolup bilersiňiz. Esasan hem köp sanda guşa täsir ýetirip, bir epidemiýa öwrülen mahaly gün tertibe gelýär. Bu epidemiýa aladalandyryjy, sebäbi beýleki ýabany tebigata täsir ýetirip bilýär, azyk üpjünçiligini azaldyp bilýär we hat-da adamlara ýokma töwekgelçiligini artdyryp bilýär.
Adamlarda guş gribiniň alamatlarynyň arasynda üsgülewük we bokurdak agyrysy ýaly ýokary dem alyş problemalary, gyzzyrma, ýadawlyk, kelle agyrysy, myşsa agyrylary we hatda gülgüne reňkdäki göz ýaly problemalar degişlidir. Soňky wagtlarda başdan geçirlen wakalaryň ählisi diýen ýaly ýeňildi ... şu ýyla çenli. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amerikanyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri ABŞ-da H5N1 bilen baglanyşykly ilkinji adam ölümini tassykladylar. Maglumatlara görä, pida bolan adam ýabany guşlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, agyr alamatlar bilen keselhana ýerleşdirilenden soň aradan çykdy. Emma geliň, bir ädim yza gaýdalyň, guş gribi näme we ol nireden geldi?
Birleşen Milletler Guramasynyň berýän habaryna görä, guş gribi dünýäde 300 milliondan gowrak guşuň ölümine sebäp bolan we guşuň biri-birinden tapawutly 500-den gowrak görnüşine täsir ýetiren ýokanç keseldir. Wiruslaryň ählisi diýen ýaly, näçe köp ýoksa, şonça-da özgerýär we mutasiýa sezewar bolýar. Netijede, ol has howply ýagdaýa gelýär. Käbirlerimiz üçin bu täze bir hadysa ýaly bolup görünsede, bu kesel 1800-nji ýyllardan bäri guşlary keselledýär we aslyna garanyňda has uzak wagtdan bäri hem bolup biler. Bu kesel bilen bagly ilkinji maglumat 1878-nji ýylda, Italiýanyň demirgazygynda weterinar lukman, guşlarda bu keseliň ep-esli artandygyny aýdyp geçmegi bilen ýüze çykdy. Şol döwürde aladalar bu keseliň maldar üçin maliýe taýdan näme many berip biljekdigine gönükdirilipdi.
Ençeme ýyl soň I Jahan Urşunyň weýrançylygynyň yz ýanyndan, uruş wagtyndan has köp adamy öldüren Ispaniýa gribi ýüze çykdy. Şol sebäpli dünýä derejesinde 50 bilen 100 million aralygynda adamyň ýogalandygy çak edilýär. Tehnologiýa soňra bu ölüm howply keseliň guş gribi bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardy.
Guş gribi wagtyň geçmegi bilen özgerdi we häzirki wagtda “H5N1” atlandyrylan görnüşi bilen ýüz-ýüzediris. Bu görnüşiň 1997-nji ýylda Gonkongda adamlara ýokandygy we öldürendigi habar berildi. Soň bolsa 2021-nji ýylda göçüp barýan guşlaryň üsti bilen Demirgazyk Amerika baryp ýetdi.
Ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş edaralarynyň resmileri wirusyň görnüş päsgelçiliklerinden geçendigini, ýagny guşlardan başga haýwanlara ýokandygy barada ençeme gezek duýduryş berdi. Mysal üçin 2022-nji ýylda Ispaniýada norkalaryň (sürenjik) arasynda epidmeiýa sebäp boldy. Häzirki wagtda guş gribi sygyrlar bilen birlikde süýtemdirijileriň azyndan 70 görnüşine täsir ýetirdi.
Saglygy goraýyş işgärleri köp ýyllaryň dowamynda wirusyň görnüşleriň päsgelçiliklerinden geçendigi, guşlardan beýleki haýwanlara geçendigi barada birnäçe gezek duýduryş berdiler. 2024-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň Kanzas we Tehas ştatlaryndaky fermalarda sygyrlaryň guş gribine ýolugandygy habar berildi. Birnäçe wagt soň bolsa fermalaryň birindäki işgärleriň biriniň testi položitel çykdy we ol H5N1 guş gribiniň sygyrdan adama ilkinji ýolukmak hadysasy hökmünde hasaba alyndy. Şol wagtdan bäri diňe ABŞ-da haýwanlaryň üsti bilen takmynan 67 adama guş gribine ýolugandygy habar berildi.
Guş gribi adamlar üçin näderejede howply?
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä, 2003-nji ýyldan bäri 24 ýurtda H5N1 guş gribi takmynan 1000 adama ýolugandygy habar berildi. Şol hadysalaryň ýarysyndan gowragy ölüm bilen netijelendi.
Bu wirusyň adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň 52 göterim töweregi bolandygy manysyna gelýär. Muny göz öňüne getirmek üçin Kowid-19-yň ölüm derejesi häzirki wagtda 0,1 göterimden pes, hatda 2020-nji ýyldaky pandemiýanyň ilkinji günlerindede 20 göterime ýetipdi…
ABŞ-da soňky ölüm wakasy, wirusyň howply tebigatyny görkezýän köp sandaky mysallaryň diňe biridir, ýöne onuň ölüm derejesine täsir ýetirýän faktorlary hem göz öňünde tutmaly. Mysal üçin, adamyň näçe wagt wirusa duçar bolandygy, umumy saglygy we nädip çalt bejerilmegi keseliň agyrlygyny kesgitleýän faktorlaryň arasynda.
Gowy habar: Wirus henizem adamlaryň arasynda täsirli ýagdaýda ýaýramak ukybyny ösdürmedi. Häzirki wagtda H5N1-niň adamdan adama ýokandygy bilen bagly tassyklanan subutnama ýok. Ol bolsa haýwanlar bilen aragatnaşygyň netijesinde kesel bolan adamlar, köplenç izolirlenen wakalar manysyna gelýär.
Şol sebäpli, H5N1-den gözbaş alyp biljek adam pandemiýa howpy abanmasada, hünärmenler öňüni alyş çäreleriniň möhümdigi babatynda ylalaşýarlar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy wirusyň çalt mutasiýa edilmegine jogap hökmünde sanjymyň üstünde işläp başlady. Umyt, zerur bolan halatynda sanjymlaryň ulanylmaga başlanyp adamdan adama ýokmadan ozal epidemiýanyň öňüniň alynmagyndan ybaratdyr. Az öwrenilen H5N1 görnüşlerini saýlap, bir ädim öňde durmaga synanyşýarlar.
Şeýlelik bilen, bu aralykda özümizi nädip gorap bileris? Ine, dört sany ýönekeý usul:
Bir: Ýarawsyz ýa-da ölen ýabany haýwanlara gabat gelseňiz, olara degmekden saklanyň.
İki: Guşlar bilen aragatnaşykdan soň elleriňizi gowy edip ýuwuň.
Üç: Pasterizasiýa edilmedik süýt içmäň. Çig süýt içmek zyýanly patogenlere sezewar bolmak howpuny ýokarlandyryp biler. Pasterizasiýa H5N1 ýaly zyýanly wiruslary netijeli ýagdaýda öldürýär.
Dört: Immun ulgamyňyza üns beriň, esasanam sowuk möwsümlerde möwsümleýin dümew sanjymyny etdiriň.
Bu bölüm şu aýdylanlardan ybarat. Diňläniňiz üçin sag boluň we indiki bölüme çenli sagdyn we habarly galyň.
Bu podkastymyzyň “Guş gribi: Biz oňa aladalanmalymy?” atly bölümi, TRT World-daky makalalaryň birinden uýgunlaşdyryldy.