Russiýanyň hüjüm etmezlik hakyndaky bir taraply karary resmi taýdan güýje girdi we 11-nji maý ýary gijä çenli dowam eder.
Resmi Moskwa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň kararyna laýyklykda çarşenbe gije 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda 2-nji Jahan urşunda gazanylan ýeňişiniň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň dowamynda çaknyşyklary wagtlaýynça bes etjekdigini habar berdi.
Emma Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý karary goldamady.
Zelenskiý daşary ýurtly myhmanlaryň Moskwa baryp, çärelere gatnaşmazlygy üçin duýduryş berdi we “şol myhmanlaryň howpsuzlygyny kepillendirmeýändigini” aýtdy.
Resmi Moskwa şol beýanaty “howp” hökmünde häsýetlendirdi.
Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ukraina ylalaşygy bozan halatynda Russiýanyň ýaragly güýçleriniň “degişli we netijeli gaýtawul” görkezjekdigini duýdurdy