Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan DKTR-nyň Türki Döwletleriň guramasyna agza bolmagynyň diýseň möhümdigini aýtdy.
R. T. Erdogan, çarşenbe güni Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirlen Türki Döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşdy
Prezident Erdogan resmi bolmadyk sammitde eden çykyşynda, “DKTR-nyň Türki Döwletleriň guramasynyň agzasy bolmagynyň guramanyň güýjüne güýç goşjakdygyna ynanýarys” diýdi.
DKTR 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Samarkant şäherinde geçirlen sammitde gurama synçy agzalyga kabul edilipdi.
Orta Koridoryň Gündogar bilen Günbataryň arasynda uly ähmiýete eýedigini nygtan Erdogan, şol koridoryň Türki Döwletleriň guramasynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde täsiriniň has-da güýçlenjekdigini belledi
Sebitleýin çaknyşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan, “Geçmişde Kiprde, Garabagda, Bosniýada we şu günki günde Gazada başdan geçirilýän wakalar serhetlerimiziň aňyrsynda başdan geçirilýän wakalara hem üns bermelidigimizi ýatladýar” diýdi.
Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan, çaknyşýan ýurtlar Russiýa we Ukraina bilen atyşygyň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ýakyndan aragatnaşyk saklamaga dowam ederis” diýdi.