DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň deňiz güýçleriniň serkerdesiniň orunbasary Kurskda öldürildi
Mihail Gudkowyň wezipesini ýerine ýetirýärkä beýleki esgerler bilen birlikde öldürlendigi habar berildi.
Russiýanyň deňiz güýçleriniň serkerdesiniň orunbasary Kurskda öldürildi
July 3, 2025

TASS habarlar gullugy, Russiýanyň Goranmak ministriginiň Deňiz güýçleriniň serkerdesiniň orunbasary general-maýor Mihail Gudkowyň, Russiýanyň Kursk sebitinde öldürlendigini habar berdi.

Primorýeniň gubernatory Oleg Kozhemýako, Russiýanyň Deňiz güýçleriniň serkerdesiniň orunbasary Mihail Gudkowyň Kursk sebitinde aradan çykandygyny tassyklady.

Oleg Kozhemýako, Kursk sebitinde penşenbe güni aradan çykanlaryň hossarlaryna we egindeşlerine gynanç bildirdi.

Kozhemýako görä, Gudkow “ofiser hökmünde wezipesini ýerine ýetirýärkä egindeşleri bilen birlikde” aradan çykdy.

Primorýeniň lideri “Wepaly ýoldaşy we dostumyz Nariman Şihaliýew hem serkerde bilen birlikde aradan çykdy” diýdi.

Telegramdan berlen habarnamada, Gudkowyň Ukraina tarapyndan Kursk sebitiniň Korenewo etrapçasyndaky harby merkeze guralan hüjümde aradan çykandygy nygtaldy. Habarda hüjümde Gudkow bilen birlikde 10 esgeriň hem öldürlendigi bellenildi.

Gudkow, Ukraina tarapyndan öldürlen russiýaly ýokary çinli harbylardan biri hökmünde bellige alyndy.

Gudkow, Ukraina garşy guralan harby hüjümlerde görkezen edermenligi sebäpli sylaglandyrlypdy we Kiýew tarapyndan “harby jenaýat” etmekde günäkärlenipdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, mart aýynda Gudkowy, Russiýanyň Deňiz güýçleriniň serkerdesinin orunbasary hökmünde belläpdi.

Gudkow, Kurskda söweşýän Rusiýanyň deňiz flodyna tabynlykdaky deňiz piýada güýçlerini hem gönükdiripdi.

Kursk sebitiniň käbir etrapçalary 2024-nji ýylyň awgust aýynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň garaşylmadyk ýagdaýda guran hüjümleri bilen ele geçirlipdi. Emma Russiýa üstümizdäki ýylyň başynda şol ýerleri yzyna alandygyny mälim edipdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us