Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiyäniň, Srebrenitsa genosidini inkär etmäge ýa-da halkara kazyýetleriniň kararlaryna garamazdan urş jenaýatçylaryny şöhratlandyrmaga synanyşýan ähli beýanatlary we pikirleri ret edýändigini habar berdi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bu beýanatyny 1995-nji ýylda müňlerçe bosniýalynyň ýogalan Srebrenisa gyrgynçylygynyň 30-njy ýyly mynasybetli çap eden wideo ýüzlenmesinde berdi.
Erdogan, mundan başgada Bosniýa we Gersegowinanyň territorial bitewüligini, garaşsyzlygyny we konstitusion düzgünini goldamakda Ankaranyň dowamly we şertsiz goldawyny nygtap geçdi.
Erdogan, Ysraýylyň Gaza garşy dowam edýän hüjümleri barada durup geçip, onlarça ýyl mundan ozal halkara jemgyýetçiliginiň Srebrenitsadaky gyrgynçylyga sesini çykarmandygyny, indi bolsa soňky ýyllarda Palestinada bolup geçýän zulumlara diňe tomaşa edýändigini aýtdy.
Erdogan, Ysraýyl hökümetiniň takmynan 58,000 palestinalynyň genosidi üçin "ir ýa-da giç" kanun we taryh öňünde jogapkärçilige çekiljekdigini wada berdi.