MEDENIÝET
2 minut okamak
Ýaponiýa 2025 Ekspo Bütindünýä sergisine 28 million myhmanyň gelmegine garaşylýar
Alty aý dowam etjek sergi ABŞ we Hytaý ýaly bäsdeş ýurtlar bilen birlikde 158-den gowrak ýurdy bir ýere jemleýär.
Ýaponiýa 2025 Ekspo Bütindünýä sergisine 28 million myhmanyň gelmegine garaşylýar
Ýaponiýa Expo 2025
14 اپریل 2025

Bütindünýä Ekspo sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde öz işine başlady. Alty aý dowam etjek sergi ABŞ we Hytaý ýaly bäsdeş ýurtlar bilen birlikde 158-den gowrak ýurdy bir ýere jemleýär. Kýodo News tarapyndan berilen habara görä sergä 28,2 million adamyň gelip görmegine garaşylýar.

Esasy temasyDurnukly geljek jemgyýetini döretmek bolan serginiň ýurduň ykdysadyýetine 20 milliard dollar girdeji getirer diýip maksat edinilýär. 13-nji oktýabra çenli dowam etjek serginiň resmi açylyşyny Ýaponiýa Ekspo 2025 Bütindünýä sergi jemgyýetiniň başlygy Masakuza Tokura Osaka aýlagyndaky emeli ada bolan Ýumeşima adasynda amala aşyrdy.

Sergidäki esasy sergileriň töweregini gurşap alýan we Uly Halka diýip atlandyrylýan gurluş 2 kilometrlik töweregi bilen dünýäniň iň uly agaç binägerçilik nusgasy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gurluşyň arhitektory Sou Fužimoto AFP beren beýanatynda serginiň biri-birinden tapawutly medeniýeti we ýurdy bir ýere jemläp tapawutlulyklary we jebisligi ösdürmek üçin gymmatly bir mümkinçilik bolandygyny beýan etdi.

Ýaponiýanyň pawilýonynyň esasy eksponatlarynyň arasynda 2000-nji ýylda Antarktidada ýapon alymlary tarapyndan tapylan “Mars meteoriti” bar. Osaka welaýatynyň we şäher häkimliginiň saglyk mowzugyna bagyşlanan pawilýonynda bolsa iPS öýjüklerinden ýasalan ýürek myşsa dokumalaryny görküp bolýar. Sergide mundan başgada öýjüklerden dizaýn edilen bir emeli ýürek we moh görnüşindäki Hello Kitty figuralary ünsleri özüne çekýär.

Şenbe güni geçirilen açylyş dabarasynda tans, aýdym-saz we yşyk şowlary görkezildi. Bu çärä Imperator Naruhito, Imperatoryň aýaly Masako we Premýer-ministr Şigeru Işiba bilen birlikde 1300 adam gatnaşdy.

Bilet satuwlarynyň haýallygy we tamalar

Sergi dünýäniň dürli ýurtlaryny birleşdirýän çäre hökmünde 1851-nji ýylda Londonda başlanypdy. 2020-nji ýylda Dubaýda geçirilmegi meýilleşdirilen sergi pandemiýa sebäpli yza süýşürilipdi. Guramaçylar Ekspo 2025-iň “zerur baglanyşyklary täzeden dikeltjekdigini” we “has gowy geljek üçin mümkinçilikler hödürlejekdigini” aýdýarlar.

Osakada soňky gezek 1970-nji ýylda sergi geçirilipdi; Şol döwürde Ýaponiýa çalt ösýärdi we tehnologiýa önümçiligindäki täzelikleri bütin dünýäde haýran galdyrýardy. Bu sergi 64 million myhman bilen 2010-njy ýylda geçirlen Şanhaý Eksposyna çenli döwülmedik rekordyň eýesi bolupdy. Aradan geçen 55 ýyldan soň Ýaponiýa tehnologiýadaky öňki liderligini ýitiren ýaly görünýär. Jemgyýetçilik pikir sowalnamalaryna görä, býudjetiň 27 göterimden geçendigini göz öňünde tutup, sergä bolan gyzyklanma az ýaly görünýär.

Şu wagta çenli 8,7 million bilet satyldy, ol bolsa 14 millionlyk satuw maksatnamasyna ýetmedi. Ýaponiýa syýahatçylykda-da rekord derejede ösýär, şonuň üçin Kýotonyň meşhur syýahatçylyk mekany bolan Osakada ýerleşýän ýerler köplenç doly bron edilýär we bahalar ýokarlanýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us