Ysraýylyň “Kan” teleýaýlymy, Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň Howpsuzlyk kabinetiniň, Gazadaky hüjümiň göwrüminiň tapgyrlaýyn ýagdaýda giňeldilmegini tassyklandygyny habar berdi.
Baş ştabyň başlygy Eýal Zamir ýekşenbe güni beren beýanamasynda, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazadaky hüjümleriň göwrüminiň giňeldilmegi maksady bilen ätiýaçdaky onmüňlerçe esgeriň harby gullugyň hataryna çagyrylmagy barada görkezme berilmäge başlanandygyny aýtdy.
Netanýahu ýekşenbe güni Ýemendäki Husier tarapyndan atylan raketanyň bir böleginiň Ysraýylyň Ben Gurion howa menziliniň golaýyna düşmeginden birnäçe sagat soň beren wideo-ýüzlenmesinde, Howpsuzlyk kabinetiniň Gazadaky söweş meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşendigini habar berdi.
Ysraýyl mart aýynda ABŞ-nyň goldaw bermeginde gazanylan atyşygyň bes edilmegi ylalaşygyny bir taraply ýagdaýda bozupdy we Gaza hüjüm guramaga başlapdy.
Ysraýylyň “Ýnet” habarlar saýtynyň berýän habaryna görä, Howpsuzlyk kabineti Gazada ynsanperwer kömeginiň paýlanmagy baradaky täze meýilnamany tassyklady emma kömegiň sebite haçan ýetiriljekdigi meselesi näbelli bolmagynda galýar.
BMG-nyň Palestinaly bosgunlara ýardam düzümi UNRWA, ýekşenbe güni beren duýduryşynda, Ysraýylyň gabawy we dowam edýän hüjümler sebäpli Gazadaky saglygy goraýyş pudagynyň agyr serişde ýetmezçiligini başdan geçirýändigini mälim edipdi.
UNRWA X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Zerur serişdeleriň üçden bir bölegi gutardy, galan bölegi hem iki aýyň dowamynda gutarar” diýip duýdyryş berdi.