SYÝASAT
2 minut okamak
Damaskda Asadyň häkimiýeti döwrü bilen arabaglanşykly iň uly köpçülikleýin mazar tapyldy
Asadyň häkimiýetden agdarylmagyndan soň ýurduň çar tarapynda, esasan Damaskda we töwereklerinde köp sanly köpçülikleýin mazar tapyldy.
Damaskda Asadyň häkimiýeti döwrü bilen arabaglanşykly iň uly köpçülikleýin mazar tapyldy
2 مايو 2025

Anadoly Habarlar gullugy, Siriýanyň paýtagty Damaskyň demirgazygynda ýerleşýän Al-Tal etrapçasynda, Asadyň häkimiýeti döwrü bilen arabaglanşykly iň uly köpçülikleýin mazaryň tapylandygyny habar berdi.

Mazarda, hassahanalaryň morglaryndan, tussaghanalardan we gynama merkezlerinden 14 ýylyň dowamynda gizlinlikde daşalan müňlerçe jesediň bardygy aýdylýar.

Şol döwürde harby goşunda sürüjü bolup işlän Hüseýýin Allawy, Anadoly Habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Sednaýa tussaghanasynda ýogalan tussaglylaryň jesetleriniň ilki Harasta harby hassahanasynyň morguna, soň bolsa Al-Tal we beýleki etrapçalara daşalandygyny aýtdy.

“Jesetleriň diňe belgileri bardy, emma atlary ýokdy” diýen Allawy, “Morglar dolan mahaly hepde-de iki ýük ulagy bilen jesetleri daşaýardyk. Her ýük ulagynda 200-250 jeset bolýardy” diýdi.

Allawi, “Al Tal dolan mahaly jesetleri 10 ýylyň dowamynda Al-Kutafýa daşadyk. Soňky gezek 2019-njy ýylda şol ýere jesetleri daşadym” diýdi.

Allawi jesetleriň jaýlanmagy bilen Mazin Žablel atly ofiseriň gyzyklanandygyny ýatlatdy.

Tapylan köpçülikleýin mazarlaryň sany artýar

Soňky güne çenli jesetleri daşamaga dowam edendiklerini aýdan Allawi, Nežha etrapçasyna daşalan jesetleriň esasy böleginiň gynalandygyny ýatlatdy.

Allawi “Jesetden doly ýük ulagynyň boşadylmagy işine 4 adam gatnaşýardy we 10-15 minut dowam edýärdi. Käbir jesetler şeýle köp wagt garaşdyrylýardy we olar jüýremäge başlaýardy. Eger sowadyjy bolmasa jesetler sabyn ýaly ereýärdi” diýdi.

Jesetleriň demografik ýagdaýy hakynda hem gürrüň beren Allawi, “Iň köp bir-ýada iki zenan bardy. Jesetleriň aglabasy erkekdi we ýaşdy. Hiç çaga görmedim” diýip belledi.

Al-Tal meýdany şaýatlaryň aýtmagyna görä Asadyň häkimiýeti döwrü bilen arabaglanşykly tapylan iň uly köpçülikleýin mazar hökmünde kabul edilýär.

Damaskyň Sbeineh etrapçasynda hem bir binanyň aşagynda köpçülikleýin mazar tapyldy.

Beýleki tarapdan Halap welaýatynyň Nakkarin obasynda köpçülikleýin mazar tapyldy. Mazarda 1 müň 500 jesediň bardygy nygtalýar.

29-njy dekabrda Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA, Homusyň Houla etrapçasynyň golaýynda başga bir köpçülikleýin mazaryň tapylandygyny habar berdi.

Paýtagtyň Husseiniýeh etraby, Saýýidah Zaýnab etraby, Deraanyň Izra etraby we Damaskyň Bagdat köprüsi etrapçasy ýaly birnäçe ýerde köpçülikleýin mazaryň bardygy anyklandy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us