Russiýanyň harby güýçleri Ukrainanyň Gara deňiz kenaryndaky Odessa şäherine düýn gije uçarmansyz howa ulaglary ilen hüjümler gurady. Ýerli resmiler hüjümde 3 adamyň ýaralanandygyny we ençeme ýaşaýyş binasyna zeper ýetendigini mälim etdi.
Odessa şäheriniň häkimi Hennadiy Trukhanow, sişenbe güni irden Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Duşman Odessa şäheriniň köp ilatly zolagyna hüjüm gurady” diýdi.
Sebitiň welaýat häkimi Oleh Kiper, hüjümde 3 adamyň ýaralanandygyny we lukmançylyk kömegini alandyklaryny aýan etdi.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri sişenbe güni beren beýanatynda, Russiýanyň gije boýunça 54 uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurandygyny, şolaryň 38-siniň ot açylyp ýere gaçyrylandygyny we 16-synyň bolsa elektron söweş çäreleri sebäpli bellenen nyşanalaryna ýetmändigini habar berdi.
Kiper Odessa garşy guralan hüjümlerde ýaşaýyş binalaryna, raýat infrastrukturasyna, bilim edarasyna we ulaglara zeper ýetendigini beýan etdi.
Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy tarapyndan paýlaşylan wideolarda ýangyny söndürýän toparlaryň zeper ýeten binalaryň birindäki uly ýangyny görkezilýär.
Üç porty bolan Odessa, Russiýa bilen üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän uruşda rus hüjümleriniň ýygy-ýygydan nyşanasyna öwrüldi.