YKDYSADYÝET
2 minut okamak
ABŞ-nyň öňdebaryjy banklary kriptowalýuta bäsdeşlerine garşy bilelikdäki stabilkoin çykarmakçy
Amerikanyň esasy banklarynyň käbirleri, şol sanda JPMorgan Chase we Bank of Amerika, ösýän sanly walýuta bazarynda bäsleşmek durnukly kriptowalýutany döretmek barada ilkinji gepleşikleri geçirýärler diýip, “Wall Street Journal” habar berýär.
ABŞ-nyň öňdebaryjy banklary kriptowalýuta bäsdeşlerine garşy bilelikdäki stabilkoin çykarmakçy
ABŞ-nyň öňdebaryjy banklary kriptowalýuta bäsdeşlerine garşy bilelikdäki stabilkoin çykarmakçy / AP
13 hours ago

Amerikanyň esasy banklarynyň käbirleri, şol sanda JPMorgan Chase we Bank of Amerika, ösýän sanly walýuta bazarynda bäsleşmek durnukly kriptowalýutany döretmek barada ilkinji gepleşikleri geçirýärler diýip, “Wall Street Journal” habar berýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uly banklarynyň käbirşeri kriptowalýuta pudagyndaky bäsdeşlige garşy durmak maksady bilen bilelikde “stabilkoin” çykarmak üçin konsorsium döretmegiň şertlerini öwrenýärler diýip, “The Wall Street Journal” habar berýär.

ABŞ-nyň öňdebaryjy banklary kriptowalýuta bäsdeşlerine garşy bilelikdäki stablkoin döretmek mümkinçiligini öwrenýärler

Bu gepleşiklere JPMorgan Chase, Bank of Amerika, Citigroup, Wells Fargo we beýleki iri söwda banklarynyň bilelikde eýeçilik edýän kompaniýalary gatnaşýar. Esasy oýunçylaryň arasynda Zelle atly şahsy töleg programmasyny dolandyrýan Early Warning Services we real wagt töleg ulgamyny işleýän The Clearing House bar.

“The Wall Street Journal” tarapyndan salgylanylýan çeşmelere görä bu gepleşikler entek irki, konseptual derejede bolup, geljekde stabilkoinler bilen baglanyşykly kanunçylyga baglylykda üýtgäp biler.

Stabilkoinler — Amerikan dollary ýaly güýçli walýutalara bagly bolan kriptowalýutalaryň bir görnüşi — sanly aktiwleri çalt we az çykdajy bilen geçirmek üçin ulanylýar. Olar ABŞ-nyň Gazna obligasiýalary ýaly nagt ýa-da nagt ekwiwalent ätiýaçlyklar bilen goldanýar we kripto bazarlarynda sanly dollar hökmünde peýdalanylýar.

Bankçylyk pudagynyň ägirtleri öz stabilkoinleriniň häzirki wagtda adaty ulgamlarda birnäçe gün gerk bolan serhetaşa amallary ýaly tölegler üçin ulanylagyň şertlerini öwrenýärler.

Gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylýan usullardan biri agza däl banklaryň hem stabilkoini ulanmagyna mümkinçilik berip, giň ekoulgam döretmegi göz öňünde tutýar. Emma käbir sebitleýin we jemgyýetçilik banklary hem aýratyn konsorsium döretme mümkinçiligini öwrenýärler, ýöne bu başlangyç möçber we düzgünleşdiriş kynçylyklary sebäpli çylşyrymly bolup biler.

Trampyň administrasiýasy kripto pudagyny esasy akyma öwürmäge itergi berýär.

Bu gepleşikler Prezident Donald Trampyň özüni "kriptonyň prezidenti" hökmünde görkezmäge çalyşýan günlerine gabat gelýär. Ol kriptowalýutalaryň bank ulgamyny gowulandyrmaga we dollaryň agdyklyk derejesini güýçlendirmäge goşant goşjakdygyny beýan edýär.

 Banklar, esasanam uly tehnologiýa kompaniýalary ýa-da iri bölek söwdagärler tarapyndan kabul edilse, stabilkoinleriň adaty edaralardan goýumlary we amallary alyp biljekdigine alada edýärler.

Iki ýyl mundan ozal sanly aktiwlere girizilen düzgünlerden soň, adaty maliýe pudagy indi bu ugurda olara eýermäge çalyşýar.

“WSJ” geçen aý birnäçe kripto kompaniýasynyň bank ygtyýarnamalary ýa-da lisenziýalary üçin ýüz tutmaga taýýarlanýandygyny habar berdi. Bu täze kanun taslamasy — GENIUS Act — banklara we beýleki guramalara stabilkoin çykarmak üçin çarçuwa kesgitlemegi maksat edinýär.

ABŞ-nyň Senaty golaýda bu kanun taslamasynyň prosedura bilen bagly tapgyryny tassyklady. “Paul Hastings” atly hukuk firmasynyň habarnamasyna görä taslamanyň soňky görnüşi, maliýe däl jemgyýetçilik kompaniýalarynyň stabilkoin çykarmagyna çäklendirmeler girizýär, ýöne bank lobbiçileriniň talap eden doly gadagançylygyny öz içine almaýar.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us