May 13, 2025
Pariždäki kazyýetleriň biri fransyz aktýor Žerar Depardýeni 2021-nji ýylda kino-film düşürlýän mahaly iki tapawutly zenana jynsy zorluk etmekde aýyplady. Bu kazyýet işi, Fransiýanyň kazylarynyň garamagyna iň ýokary derejeli #MeToo (#Menem) kazyýet işiniň biri hökmünde ünsleri özüne çekdi.
Fransuz kinosynyň meşhur aktýorlarynyň biri bolan Žerar Depardýe kazyýet işiniň dowamynda aýyplamalary birnäçe gezek inkär etdi, aklawçysy bolsa oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny isledi.
Emma kazy Terri Donar Žerar Depardýeniň wakalar baradaky düşündirişini ygtybarly tapmaýandygyny aýtdy.
Kazy, 76 ýaşly Depardýeni şertli ýagdaýda 18 aý azatlykdan mahrum etmek we 20 000 ýewro jerime tölemegini talap etdi.