Ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň habar bermegine görä Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde Ysraýylyň howa hüjüminde 9 çagasyndan mahrym galan palestinaly kaka, şol hüjümde alan ýaralary sebäpli ýogaldy.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň baş müdüri Münir Abdullah al-Berş şenbe güni X platformasyndan beren beýanatynda: “Dr Hamdi al-Najjar Han Ýunus şäheriniň günortasyndaky öýleriniň Ysraýyl tarapyndan bombalanmagy netijesinde alan ýaralary sebäpli 9 çagalary bilen birlikde ýogaldy” diýip habar berdi.
Habar çeşmelerine görä Hamdi Al-Najjar Ysraýylyň harby güýçleriniň 24-nji maýda öýlerini bombalamagy netijesinde agyr ýaralanypdy. Palestinaly çaga lukmany Alaa Al-Najjar wezipede bolan mahaly, Nasser lukmançylyk kompleksinde 9 çagasynyň ýanan jesetlerini gören mahaly, örän erbet bolupdy.
Ysraýylyň gyrgynçylygy
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada wagşyçylykly gyrgynçylyklaryny dowam etdirip, häzirki wagta çenli aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat bolan 54400 palestinalyny öldürdi.
Ynsanperwer guramalar 2 milliondan gowrak ilatyň ýaşaýan sebitiniň açlyk howpuna duçar bolýandygy barada duýduryş berýärler.
Ysraýyl gabalan sebitiň uly bölegini weýran etdi we tutuş ilaty diýen ýaly göçürdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara Jenaýat Kazyýeti Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we ýurduň öňki Goranmak ministri Ýoaw Gallant barada Gazadaky uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlar üçin tussag etmek karar kabul edipdi.
Ysraýyl şeýle hem Halkara Kazyýetinde sebitdäki asuda ilata garşy eden jenaýatlar üçin genosid etmek bilen aýyplanýar.