DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýa Ukraina raketalar bilen hüjüm gurady
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen guran hüjümlerinde azyndan 9 adam ýogaldy, 63 adam ýaralandy
Russiýa Ukraina raketalar bilen hüjüm gurady
24 avril 2025

Ukrainanyň döwlet gyssagly kömek gullugy penşenbe güni irden Kiýewe guralan “uly göwrümli” raketaly hüjümlerde azyndan 9 adamyň ýogalandygyny we 60-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Bu hüjüm üç ýyllyk uruşda paýtagta garşy guralan iň ganly hüjümleriň biri hökmünde hasaba alyndy.

Ukrainanyň resmileri raketaly hüjüm barada duýduryş çap etdiler we AFP habarçylary paýtagtda bolan partlamalary eşitdiler. Ukrainanyň döwlet gyssagly kömek gullugy Telegramdan beren beýanatynda: "Russiýa Kiýewe uly göwrümli hüjüm gurady" diýdi. Beýanatda: "Deslapky maglumatlara görä 9 adam ýogaldy, 63 adam ýaralandy" diýildi we hassahana ýerleşdirilen 42 adamyň arasynda alty çaganyň bardygyny habar berdi.

Paýtagtyň bäş etrabyna zeper ýetdi; garažlarda we dolandyryş binalarda ýangyn söndürildi. Döwlet gyssagly kömek gullugy bu hüjümlerde ýaşaýyş jaýlarynada zeper ýetendigini aýtdy. Beýanatda: "Harabalygyň aşagynda galandygy çak edilýän adamlar üçin gözleg işleri geçirilýär" diýildi.

Russiýa penşenbe güni Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow şäherine 7 aýry raketa bilen hüjüm gurady. Şäheriň häkimi Igor Terekhow beren beýanatynda: “Bu, bir gijede ikinji gezek ganatly raketalar bilen bize hüjüm guraldy. Soňky hüjümleriň biri gür ilatly sebitde boldy ... Iki adam ýaralandy. Duşman tarapyndan guralan hüjümleriniň bolan ýerlerinde derňewler dowam edýär " diýip belledi we şäheriň ýaşaýjylaryna ünsli bolmaga çagyrdy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň uly geňeşçisi Andriý Ýermak, Russiýanyň häzirki wagtda Kiýew, Harkow we beýleki şäherlere “raketa we uçarmansyz howa ulaglarybilen hüjüm gurandygyny mälim etdi. Ýermak: "Putin öldürmek isleýändigini görkezýär. Asuda ilata garşy guralýan hüjümler bes edilmeli" diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us