Pakistanly ýolbaşçylar we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Hindistanyň Pakistana guran raketa hüjümlerinde 8 adamyň ýogalmagyndan, 35 adamyň ýaralanmagyndan we 2 adamyň ýitmeginden soň Pakistanyň howa güýçleriniň Hindistana degişli 5 uçaryň urlup düşürlendigini mälim etdi.
Pakistanyň Goranmak ministri Khawaža Asif, çarşenbe güni Hindistana degişli 5 harby uçaryň urlup düşürlendigini aýtdy.
Ministr Asif, Bloomberge “Harby hüjümler bes edilse, Hindistan bilen gepleşik geçireris. Dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris” diýdi.
Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary general-leýtenant Ahmed Şerif Çaudri, “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Pakistanyň Hindistan tarapyndan ulanylan üç Rafale uçaryny, bir Sukhoi SU-30 we bir MİG-29 uçaryny urup düşürendigini aýtdy.
Hindistanyň hökümetine ýakyn çeşmeler, “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, üç harby uçaryň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde urlup düşürlendigini tassyklady.
Pakistanyň Maglumatlar ministri Attaullah Tarar TRT Worlde beren beýannamasynda, jedelli Kaşmirdäki Akhnur sebitinde bir uçaryň Hindistanyň Ambala şäherinde bir uçaryň we Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde hem bir dronyň urlup düşürlendigini aýtdy.
Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary Hindistanyň käbir goranyş desgalarynyň hem hatardan çykarlandygyny nygtady.
Hindistan, Pakistan tarapyndan öňe sürlen garaýyşlara heniz jogap bermedi.
Pahalgam hüjümden soňky ýagdaý
Ýadro ýaragyna eýe iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlyk, Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde 22-nji aprede guralan we 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň has-da möwjedi.
Hindistan hiç hili subutnama görkezmeden hüjümden Pakistanyň jogapkärdigini öňe sürdi.
Pakystan bu garaýyşlary ret etdi we bitarap ýagdaýda derňew işiniň geçirilmegini teklip etdi.
Hindistan bolsa Pakistanyň bu teklibini kabul etmedi.
Kaşmir, 1947-nji ýyldan bäri Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky düşnüşmezligiň merkezinde ýerleşýär. Iki ýurt hem sebitiň özüne degişlidigini öňe sürýär, emma diňe her biri bir bölegine gözegçilik edýär.
Pahalgam hüjüminden soň iki ýurt hem berk howpsuzlyk çärelerini gördi.
Hindistan, Pakistan bilen baglaşylan Indus suw şertnamasyny bes etdi we gury ýer geçelgesini ýapdy.
Ýekşenbe gününden başlap Pakistanyň raýatlaryna berilen wizalary bes etdi.
Pakistan hem Hindistanyň raýatlaryna berlen wizalary bes etdi we howa giňişligini Hindistanyň howa ýollaryna ýapdy.
Goňşusy bilen söwda gatnaşyklaryny bes etdi we Hindistan bilen baglaşylan Simla şertnamasyny saklady.
Şertnama 1972-nji ýylda parahatçylygy ýola goýmak we esasan Kaşmir düşnüşmezligini çözmek maksady bilen baglaşylypdy.