SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etme ähtimallygy artýar
Tramp Kanadadan gaýtmazdan ozal sosial media arkaly Ysraýyla goldaw berdi we Eýranyň paýtagtyndaky 10 million ilata hemleli ýüzlenme berdi.
ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etme ähtimallygy artýar
Tramp G7-niň sammiti gutarmanka ýurduna dolandy / Reuters
12 hours ago

ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etme ähtimallygy artýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ysraýyl-Eýran çaknyşygy meselesine aýratyn ünsli çemeleşjekdigini duýduryp, Tähranyň ilatyna ewakuasiýa meselesinde duýduryş berdi we G7-niň sammiti gutarmanka Amerikan dolandy.

Tramp duşenbe güni giçara Kanadadaky G7-niň sammitinden gaýtmazdan ozal sosial mediada Ysraýyly goldaýandygyny beýan etdi we Eýranyň paýtagty Tährandaky 10 million adama hemle atdy.

Tramp “Trut Sosial” arkaly beren habarnamasynda “Hemmeler dessine Tährandan ewakuasiýa edilmeli” diýip, ýazdy.

Kananaskisdäki daglyk dynç alyş zolagynda G7-ä agza ýurtlaryň liderleri bilen ýadygärlik surat aldyran Tramp; “Men gyssagly ýurda dolanmaly. Käşgä ertirem bolsadym, emma olar düşünýär, bu möhüm mesele” diýdi.

Tramp “Men gyssagly Waşingtona dolanmaly” diýip, sözleriniň üstüni ýetirdi.

Ak Tamyň Metbugat sekretary Karolaýn Leawitt Trampyň liderler bilen resmi nahara gatnaşjakdygyny we soň Ak Tama gaýtjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Ukrinanyň we Meksikanyň liderleri bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryny bes eder.

Tramp ABŞ-nyň hüjümler bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny aýdýan hem bolsa, ABŞ-nyň Ysraýylyň harby operasiýasyna gatnaşyp gatnaşmajakdygy hakynda garaýyş beýan etmekden birnäçe gezek çetde durdy.

Tramp maslahat gutarmanka gaýtjakdygyny beýan etmezden ozal žurnalistlere : “Bärden giden badyma bir zatlar etmekçi” diýdi.

Diplomatiýany goldaýandygyny beýan edendigine garamazdan Ysraýylyň hüjümlerine kanagatlanma bildiren Prezident Tramp, Eýranyň gepleşikler arkaly ylalaşygy kabul etmezliginiň “akylsyzlyk” boljakdygyny aýtdy.

Tramp Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý bilen duşuşygynda; “Bu iki tarap üçin hem gynançly, emma şuny nygtasym gelýär-Eýran bu uruşda üstün çykyp bilmeýar we gepleşik geçirsinler, dessine gepleşiklere başlasynlar, giç galmasynlar” diýdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby güýçleriniň goranyş pozisiýasynda galmaga dowam edýändigini nygtady.

Bäş günlük hüjümlerde çekilen ýitgiler

Ysraýyl esasy harby we harby däl desgalara hüjüm edip, häzirki wagta çenli birnäçe ýokary çinli serkerde we ýadro desgalar bilen baglanşykly 10 alym bilen jemi 225 eýranlyny öldürdi.

Eýran Ysraýyla uçarmansyz howa enjamlary we raketalar bilen garşylyk görkezdi. Ysraýylyň resmileri hüjümlerde häzirki wagta çenli 24 adamyň ölendigini beýan etdi.

Kanadanyň we Ýewropa ýurtlarynyň liderleri mesele boýunça G7-niň adyndan jarnama kabul etmek isleýärdi, emma diplomatlar Trampyň ABŞ-ny jarnama degişli etmegi kepillendirmandigini aýdýar.

Senagat taýdan ösen ýurtlaryň arkalaşygynyň liderleri: Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, İtaliýa, Ýaponiýa we ABŞ esasan Ysraýyly goldaýar. Emma çaknyşyklar möwjedigi saýyn aladalar hem artýar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron duşenbe güni sammitde žurnalistlere beren beýanatynda Ysraýyldan Eýrandaky asuda ilata hüjüm etmezligini isledi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Keýr Starmer G7-ä girýän ýurtlaryň liderleriniň Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly aladalaryna goşulýandygyny aýtdy, emma şol bir wagtda-da “Dartgynlygy gowşatmak meselesinde ylalaşýandygymyzy pikir edýärin” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us