BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş üçinji ýylyna giren söweşiň asuda ilata uly zeper ýetirýändigine ünsi çekdi we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin halkara derejesine basyş edilmegini isledi.
“Sudanda iki ýyldan bäri dowam edýän söweş gumanitar krizise sebäp bolýar we asuda ilat uly ýitgi çekýär” diýen Guterreş, duşenbe güni beren beýannamasynda, bazara, hassahanalara we mekdeplere guralýan hüjümleri ýazgardy.
12 milliona golaý adamyň ýurtlaryndan mahrum edilendigini we onuň dünýäde iň uly köpçülikleýin mahrum edilmedeigini nygtan Guterreş, 3,8 milliondan gowrak adamyň goňşy ýurtlara sygynandygyny ýatlatdy.
Guterreş, 30 milliondan gowrak adamyň ynsanperwer kömegine mätäçdigine we şolardan 25 million adamyň açlyga garşy göreşýändigine ünsi çekdi.
Asuda ilata we ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärlerine guralýan hüjümleri ýazgaran Guterreş, çaknyşyklar sebäpli ynsanperwer kömek guramalaryndan azyndan 90 adamyň ýogalandygyny ýatlatdy.
Müňlerçe adam ýogaldy, millionlarça adam öýlerinden jyda düşdi.
Halkara jemgyýetçiligine ýüzlenen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş “Asuda ilaty goramagyň ýeke-täk ýoly çaknyşyklaryň bes edilmeginden geçýär” diýdi.
“Dünýä sudanyň halkyny ýatdan çykarmaly däl” diýen Guterreş, BMG-nyň Sudan boýunça ýörite wekili Ramtane Lamamra tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk tagallalaryna goldaw berilmegini isledi.
2023-nji ýylyň 15-nji aprelinden bäri Sudanda RSF güýçleri bilen harby goşunyň arasynda uly çaknyşyklar başdan geçirilýär.
Sudandaky çaknyşyklar müňlerçe adamyň ýogalmagyna we dünýäniň in uly gumanitar krizislerinden birine sebäp boldy.
BMG-na we ýerli ýolbaşçylara görä, çaknyşyklarda 20 müňden gowrak adam ýogaldy, 15 müň adam öýüni terk etdi.
Amerikaly guramalar bolsa çaknyşyklar sebäpli 130 müň adamyň ýogalandygyny çaklaýar.
Ýurtdan gaçanlaryň esasy bölegi Efiopiýa, Müsür, Merkezi Afrika Respublikasy we Çad ýaly goňşy ýurtlara sygyndy.