DÜNÝÄ
2 minut okamak
Modi, Hindistanyň Pakistan bilen edýän gatnaşyklarynda üçünji tarapyň töwellaçylygny kabul etmedi
Hindistan bilen Pakistan atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazandy
Modi, Hindistanyň Pakistan bilen edýän gatnaşyklarynda üçünji tarapyň töwellaçylygny kabul etmedi
12 hours ago

Hindistanly ýokary derejeli diplomat, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň düýn agşamara ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Modiniň telefon söhbetdeşliginde maý aýynda 4 gün dowam eden çaknyşykdan soň ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde däl eýsem Hindistan bilen Pakistanyň arasynda geçirlen gepleşikler netijesinde ylalaşyk gazanylandyna ünsi çekendigi nygtaldy.

Tramp geçen aý beren beýannamasynda, ýadro ýaragyna eýe Günorta Aziýaly goňşularyň ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerden soň atyşygyň bes edilmegini kabul edendiklerini we ýurtlara söweşiň ýerine söwda gatnaşyklaryna gönükmekleri üçin beren çagyryşyndan soň çaknyşyklaryň bes edilendigini aýdypdy.

Hindistanyň Daşary işler ministri Wikram Mysri metbugata beren beýannamasynda “Premýer-ministr Modi, Prezident Trampa Hindistan bilen ABŞ-nyň söwda şertnamasyny baglaşmagy ýada ABŞ_nyň Hindistan bilen Pakistanyň arasynda töwellaçy bolmagy ýaly meseleleriň gün tertibine getirilmändigini açyk-aýdyň beýan etdi” diýdi.

Ministr Mysri, “Hindistan bilen Pakistanyň arasynda Pakistanyň talabyna laýyklykda gepleşikler geçirildi. Premýer-ministr Modi, Hindistanyň geçmişde töwellaçylygy kabul etmändigini we asla kabul etmejekdigini nygtady” diýdi.

Mysri, Premýer-ministr Modiniň Kanadada geçirlen G-7-niň sammitine gatnaşandygyny we Tramp bilen söhbetdeş bolandygyny belledi.

Hindistanyň Daşary işler ministri Wikram Mysri Amerikan tarapynyň talabyna laýyklykda geçirlen Tramp bilen Modiniň arasyndaky telefon söhbetdeşliginiň 35 minut dowam edendigini belledi.

Ak Tam Modi bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi hakynda hiç hili maglumat bermedi.

Pakistan, Hindistanyň 7-nji maýda beren çagyryşyna laýyklykda atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us