Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýannama görä, Ministr Hakan Fidan, Palestinaly göreşiji topar Hamasyň Şura mejlisiniň başlygy Muhammed Derwişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen paýtagt Ankarada duşuşdy.
Çarşenbe güni bolan duşuşykda atyşygyň bes edilmegi üçin geçirilýän gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit bilen Gazadaky gumanitar ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hakan Fidan, Türkiýäniň ilkinji nobatda Gazadaky genosidiň bes edilmegi we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla edýändigini aýty.
Daşary işler ministri Fidan, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň Gazadaky genosidiň ýatdan çykarylmagyna sebäp bolmajakdygyny belledi.
Palestinanyň Gazadan, Günbatar Şeriadan we Gündogar İýerusalimdem ybarat bitewi ýurtdygyny nygtan Fidan, Türkiýäniň Palestina azatlygyna eýe bolýança Türkiýäniň Palestina güýçli goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.