TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerini ýazgardy
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Hüjümleriň guralan wagty Netanýahunyň adminstrasiýasynyň meseleleri diplomatiýa arkaly çözmek islemeýändigini görkezýär”diýildi.
Türkiýe Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerini ýazgardy
June 13, 2025

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerini berk ýazgardy we hüjümleri halkara hukugynyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

Daşary işler ministrliginden şu gün berlen beýannamada, “Ysraýylyň Eýrana guran halkara hukugyny basgylaýan hüjümlerini berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada “Bu Ysraýylyň sebiti durnuksyzlaşdyrmak boýunça alyp barýan strategiýasyna hyzmat edýän prowokasiýadyr” diýildi.

Ankara, hüjümleriň guralan wagtynyň Ysraýylyň hökümetiniň diplomatiýa bilen gyzyklanmaýandygyny açyk aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi.

Beýannamada, “Hüjümleriň guralan wagty Netanýahunyň hökümetiniň meseleleri diplomatiýa arkaly çözmek isleginiň ýokdygyny we öz bähbitleri üçin sebitleýin durnuklylyga hem-de global parahatçylyga wehim salýandygyny görkezýär” diýildi.

Daşary işler ministrligi, Ysraýyla harby hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Beýannamada, “Ysraýyl çaknyşyklaryň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerinden gyssagly ýüz öwürmeli” diýildi we Türkiýäniň sebitde has köp ganyň dökülmegine garşydygy bellenildi.

Beýannamada “Biz Ýakyn Gündogarda has köp ganyň dökülmegine we uly ýykylşyga garşy. Söweşiň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üçin halkara jemgyýetçiligine çagyryş berýäris. Ysraýylyň hüjüm ediji tutumy bütin dünýä üçin uly howpdyr” diýildi.

Beýleki tarapdan Adalat we ösüş partiýasy hem Ysraýylyň ýary gije Eýrana guran hüjümlerini berk ýazgardy.

Partiýanyň metbugat sekretary Ömer Çelik X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ysraýylyň sebiti oda berýän we wagşyçylykly hüjümleriniň hataryna ýene-de biri goşuldy”diýdi.

Çelik, halkara jemgyýetçiliginiň Prezident R. T. Erdoganyň, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň adminstrasiýasynyň alyp barýan genosid tutumy baradaky duýduryşlaryna üns bermelidigini nygtady.

Ýadro bombasy boýunça hünärmen alymlar öldürildi

Ömer Çelik, Gazadaky genosid kampaniýasyna garşy halkara basyşlaryň artýan günlerinde Ysraýylyň ünsleri başga tarapa gönükdirmek üçin täze hüjüm başladandygyny aýtdy.

Çelik, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýän günlerinde Ysraýylyň guran soňky hüjümi, onuň diplomatik tagallalara garşydygyny ýene-de bir gezek görkezendigini belledi.

Ömer Çelik “Ysraýylyň hüjümleri bütin dünýä üçin howplydyr”diýdi.

Ysraýyl anna güni irden Eýrana garşy giň gerimli harby hüjüm başlatdy we 200 uçar bilen ýadro desgalaryny we harby merkezleri nyşana aldy.

Hüjümlerde ýokary derejeli harby ýolbaşçylar bilen birlikde ýadro bombasy boýunça hünärmen alymlar ýogaldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us