TÜRKIÝE
3 minut okamak
Erdogan: Türkiýe-ABŞ hyzmatdaşlygy halkara we sebitara dunuklylyk üçin diýseň möhüm
Prezident Erdogan Albaniýadan gaýdyşyn “NATO agza iki ýurt hökmünde goranyş senagaty taýdan aramyzda hiç hili çäklendirme we päsgelçilik bolmaly däl” diýdi.
Erdogan: Türkiýe-ABŞ hyzmatdaşlygy halkara we sebitara dunuklylyk üçin diýseň möhüm
17 мая 2025 г.

Prezident R. T. Erdogan, çalt depginde üýtgeýän halkara şertlerde parahatçylygy we durnuklylygy höweslendirmek üçin Türkiýäniň uly tagalla edýändigini nygtady.

Prezident Erdogan Ankara bilen Waşingtonyň arasyndaky strategik gatnaşyklara ünsi çekdi.

Prezident Erdogan anna güni Albaniýa guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beren beýannamasynda “Türkiýe-ABŞ hyzmatdaşlygy halkara we sebitara dunuklylyk üçin diýseň möhüm”diýip belledi.

Prezident Erdogan NATO-nyň çäginde umumy gymmatlyklara we strategik utgaşyklyga gönükmek barada çagyryş berdi.

Goranyş hyzmatdaşlygy

Erdogan iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk we sanksiýalar bilen arabaglanşykly uzak wagtdan bäri dowam edýän dartgynlyklar hakynda hem durup geçdi.

Prezident Erdogan “CAATSA meselesinde ýumşama bar diýip bilerin. Men CAATSA etabyny ýeňip geçjekdigimize ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogani iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlykda haýsydyr bir çäklendirmäniň bolmaly däldigini belledi.

Prezident Erdogan “NATO agza iki ýurt hökmünde goranyş senagaty taýdan aramyzda hiç hili çäklendirme we päsgelçilik bolmaly däl” diýdi.

Erdogan strategik hyzmatdaşlyga zeper ýetirýän ähli bökdençlikleriň ortadan aýrylmagyna garaşýandygyny belledi.

Parahatçylyk we durnuklylyk

Erdogan, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Türkiýä 300 million dollardan gowrak raketa satuwyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.

Prezident Erdogan, Ýewropa ýurtlaryna Siraýada terroryň ortadan aýrylmagy we gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermekleri üçin çagyryş berdi.

Erdogan, ABŞ-nyň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky kararyna kanagatlanma bildirýändiklerini aýtdy.

Erdogan “ABŞ-nyň Prezidenti Jenap Trampyň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky karary diýseň möhüm. Dostum Trampyň bu kararynyň esasan ÝB-ne agza ýurtlara we degişli taraplara görelde bolmagyny umyd edýärin” diýdi.

Türkiýäniň Siriýanyň hökümeti bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýdan Erdogan “Siriýanyň hökümeti bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris. Siriýanyň Prezidenti Jenap Ahmed Şara iki gezek Türkiýede saparda boldy. Netijeli gepleşikler geçirdik” diýdi.

Erdogan bu çemeleşmäniň diňe Siriýada däl eýsem goňşy ýurt Yrakda hem parahatçylygy we durnuklylygy höweslendirjekdigini belledi.

Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşi hakynda hem durup geçen Erdogan “Terror guramasy PKK-nyň dolulygyna ýaragyny taşlamagy we özüni dargatmagy kararynyň doly ýerine ýetirilmegi diýseň möhüm” diýdi.

Goňşy ýurtlar bilen terrorçylaryň ýaragsyzlandyrylmagy boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.

Türkiýäniň töwellaçylyk tagallalary

Prezident Erdogan, Türkiýäniň töwellaçylyk etmäge we diplomatiýany höweslendirmäge taýardygyny nygtady.

3 ýyldan gowrak wagt bäri gepleşik geçirmedik Russiýa bilen Ukrainanyň wekiliýetleriniň Stambulda geçiren gepleşiklerine ünsi çeken Erdogan “Taraplaryň arasynda gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin ähli taraplaýyn tagalla ederis” diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin Waşingtonyň, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda töwellaçylyk edendigini belledi we Ýewropa ýurtlaryna bu tagalla goldaw bermekleri üçin çagyryş berdi.

Erdogan “ABŞ-nyň Prezidenti Jenap Tramp, Russiýanyň Prezidenti Jenap Putin we Ukrainanyň Prezidenti Jenap Zelenskiý bilen dowam etdirilýän bu etaba Ýewropa ýurtlarynyň we degişli taraplaryň goldaw bermegine garaşýarys” diýdi.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky soňky çaknyşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan “Taraplar islän halatynda elbetde öz üstümüze düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar. Biz goňşu ýurtlaryň arasynda dartgynlyk däl eýsem parahatçylyk isleýäris” diýdi.

Gazadaky ynsanperwer krizis

Gazada we Günbatar Şeriada dowam edýän hüjümler hakynda durup geçen Erdogan, Ýewropa ýurtlaryna jogapkärçilik almaklary üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

Ysraýylyň harby hüjümleriniň bes edilmelidigini nygtan Erdogan, yzygiderli parahatçylyga ünsi çekdi.

Erdogan “Sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýoly iki döwletli çözgütden geçýär.1967-nji ýyldaky serhetleriň çäginde paýtagty Gündogar İýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwleti gurulmaly” diýdi.

Ysraýylyň Gazada her gün onlarça çagany, zenany we asuda ilaty ödürýändigine ünsi çeken Erdogan “Gazanyň indi bir gün hem ýitirmäge wagty ýok. Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri gyssaly bes edilmeli” diýip belledi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us