TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan “2026-njy ýyldan 2035-nji ýyla çenli Maşgala we Ilat oň ýyllygy başladylýar” diýdi
Türkiýe Respubliklasynyň Prezidenti, adaty maşgala gurluşynyň goralmagynyň ähmiýetlidigini nygtap, global aktýorlaryň maşgalanyň agzybirligine goldaw bermeýändigini aýtdy.
Erdogan “2026-njy ýyldan 2035-nji ýyla çenli Maşgala we Ilat oň ýyllygy başladylýar” diýdi
منذ 13 ساعات

Türkiýe Respubliklasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Stambulda geçirlen Halkara maşgala forumynda eden çykyşynda, 2026-2035-nji ýyllary “Maşgala we Ilat on ýyllygy” hökmünde yglan etjekdiklerini mälim etdi.

Anna güni Halkara Maşgala forumynda eden çykyşynda, şahsy rahatlygy maşgala we jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan ileri tutýan häzirki zaman durmuşyny tankyt eden Prezident Erdogan, “Maşgalasyz we ýalňyzlyk düşünjelerine esaslanýan döwrebaplaşma düşünjesi ne şahyslara ýene-de jemgyýete durnuklylyk getirer” diýdi.

Erdogan, bu durmuş ýörelgesiniň esasan ýaşlardan başlap jemgyýetimiziň gurluşyna çenli çalt aralaşýandygyny belledi.

Däp bolan maşgala gurluşynyň goralmagynyň ähmiýetini nygtan Prezident Erdogan, global aktýorlaryň maşgalanyň agzybirligine goldaw bermeýändigini aýtdy.

Erdogan “Maşgalasy bilen baglanşygy bolmadyk, milli şahsyýety gowşan adam ne erkin ne-de özboluşly bolup bilmez” diýdi.

Erdogan dünýäniň çar tarapynda maşgalada agzybirligiň gowşamagy bilen ynsanlaryň diňe meşhur medeniýetiň sarp edijilerine öwrülendigini belledi.

LGBT ideologiýasyna berk garşylyk görkezen Erdogan, “Sungat işgärleri, telekeçiler, syýasatçylar we alymlar LGBT ideologiýasyna garşy durýandyklary üçin jemgyýetçilik taýdan jezalandyrylýar” diýdi.

Erdogan “LGBT-ä garşy göreş şol bir wagtda azatlyk, mertebe we adamzadyň gelejegi üçin göreşdir” diýip belledi.

Türkiýede çaga dogurýanlaryň sanynyň azalandygyna ünsi çeken Erdogan “Taryhymyzda ilkinji gezek çaga dogurýanlaryň sany 1,48 göterime çenli aşaklady. Bu betbagtçylykdyr. Bu 2,1 göterim hökmünde kesgilenen çäkden gaty pes” diýdi.

Türkiýe 2025-nji ýyly “Maşgala ýyly” hökmünde yglan edipdi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us