Ysraýylly adam hukuklary topary Adalah tarapyndan berlen maglumata görä, Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömek alyp giden gämidäki iki halkara aktiwisti bir adamlyk kamera otagynda saklaýar.
Çarşenbe güni berlen beýanatda adam hukuklary we hukuk merkezi Adalah, braziliýaly meýletin Tiago Awilanyň we Ýewropa Parlamentiň fransuz-palestinaly asylly agzasy Rima Hassanyň beýlekilerden tapawutlylykda tussaghanalara ýerleşdirilendiklerini we izolýasiýa otagynda saklanýandyklaryny habar berdi.
Beýanatda: “Tiago Awila iki gün ozal başladan açlyk we suwsuzlyk yglan etmegi sebäpli Aýalon tussaghanasynda izolýasiýa alyndy” diýip mälim edildi.
Adalah Tiago Awilanyň tussaghananyň resmileri tarapyndan agressiw çemeleşilýändigini, emma onuň fiziki hüjüme öwrülmändigini aýtdy.
Beýanatda: “Rima Hassan Giwon tussaghanasynda diwara “Palestina Azatlyk” diýip ýazanyndan soň, Newe Tirza tussaghanasynda adamkärçiliksiz şertlerde ýeke adamlyk kamerada izolýasiýa alyndy. Ol kiçijik, penjiresiz, aşa hapa bolan kamera göçürildi we tussaghananyň howlusyna girmäge rugsat berilmeýar” diýip aýan edildi.
"Ar alyş çäreleri"
Adam hukuklary guramasy iki daşary ýurtly aktiwistiň dürli tussaghanalara geçirilmegini "meýletinleriň hukuklarynyň çynlakaý bozulmagydygyny we olara akyl we syýasy basyş etmek islenýändigini" aýtdy.
Ysraýylyň ýolbaşçylaryna izolýasiýany bes etmäge, ähli "ar alyş çärelerini" bes etmäge we tussag edilen sekiz meýletin adamy derrew boşatmaga çagyrdy.
Merkez birnäçe wagt soň: "Rimanyň izolýasiýadan Giwona göçürilendigini, Tiagonyň bolsa izolýasiýada galandygy" barada habar alandygyny belledi.
Bu iki adam duşenbe güni Madleen atly ynsanperwer kömek gämisinde Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan tussag edilen 12 halkara aktiwistiniň hataryndady. Ysraýyl sişenbe güni aktiwistleriň dördüsini öz ýurduna deportasiýa edipdi.
Ysraýyl tarapyndan tussag edilen beýleki alty aktiwist Türkiyeden Şuaýb Ordu, Gollandiýaly Mark wan Rennes, Fransiýadan Paskal Maurieras, Ýanis Mhamdi, Rewa Wiard we Germaniýadan Ýasemin Ajar.
Ysraýylyň gyrgynçylygy
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri dowam edýän ganly gyrgynçylyklarynda 55100-den gowrak adamy öldüren Gaza tarap ýola çykan we Ysraýylyň deňiz gabawyny aýyrmaga synanyşan Beýik britaniýanyň baýdagyny göterýän gämini halkara suw giňişliginde ele geçiripdi.
Ysraýyl mart aýynyň başyndan bäri Gazadaky ynsanperwer kömegini petiklemegini dowam etdirýär, kömek guramalary Gazadaky 2,4 million adam üçin açlyk howpy barada duýduryş berdiler.