Awstraliýanyň Kwinslend welaýatynda şu ýyl toprak arkaly geçýän melioidoz epidemiýasynda ýogalanlaryň sany, ýene-de bir adamyň hasaba alynmagy bilen 31 adama ýetdi.
Ýerli metbugat tarapyndan çarşenbe güni berlen habara görä, soňky ölüm wakasy geçen hepde Taunswillde hasaba alyndy.
ABC News tarapyndan berilen habara görä Kuinslend sebitiniň Saglygy goraýyş ministrligi şu ýyl melioidoz keseli bilen baglanşykly 221 adam hasaba alyndy. Hünärmenler bu ýagdaýy welaýatda möhüm bir epidemiýa hökmünde häsýetlendirýärler.
Wakalaryň aglabasynyň Kernsde we Taunswillde bellige alyndy, Taunswilliň demirgazygynda topar anyklandy. Taunswilliň Halk saglygy goraýyş edarasynyň müdüri Stiwen Donohýu, aşa köp spirtli içgi içýänler, garry adamlar we hroniki keseli bolan adamalryň iň ýokary howp toparyndadyklary aýan edildi.
Melioidoz, Awstraliýanyň demirgazygynda we Günorta-gündogar Aziýa sebitlerinde toprakda we suwda bar bolan bakteriýalaryň sebäp bolan seýrek bir keseldir.
Bu bakteriýalar adamyň bedenine kesilen ýerleriň üsti bilen ýa-da dem alyş ýollary bilen girip bilýär. Şu ýyl başdan geçirlen rekord derejedäki sil apatyndan soň keseliň ýokýan adamlaryň sany örän artdy.