DÜNÝÄ
1 minut okamak
Özbegistan BRICS-iň Täze Ösüş bankyna agza bolar
Täze Ösüş banky birinji tapgyrda Özbegistan üçin bilelikdäki taslamalarda 5 milliard dollarlyk gazna döreder.
Özbegistan BRICS-iň Täze Ösüş bankyna agza bolar
10 de junio de 2025

Özbegistan BRICS-iň düzümindäki Täze Ösüş bankyna agza boljakdygyny mälim etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, paýtagt Daşkende Täze Ösüş bankynyň başlygy Dilma Russeff bilen duşuşdy.

Duşuşykda Özbegistan bilen bankyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özegistanyň banka agza bolmagy meselesinde umuman alnanda oňyn garalmagyna kanagatlanma bildirildi.

Geçen ýyl BRICS-e agza ýurtlaryň liderler sammitinde baglaşylan şertnamalaryň çäginde ilkinji etapda Özbegistan bilen jemi 5 milliard dollarlyk gaznanyň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigi ýatladyldy.

Prezident Mirziýoýew ýurtdaky suwaryş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, magdançylyk pudagynyň ösdürilmegi, hususy pudagyň maliýeleşdirilmegi we bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Özbegistan geçen ýyl Braziliýadan, Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Günorta Afrikadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Müsürden, Efiopiadan we Indoneziýadan ybarat gurama agzalyga kabul edilipdi.

BRICS 2015-nji ýylda Täze Ösüş bankyny, Halkara Pul gaznasyna we Bütindünýä bankyna alternatiwa hökmünde we agza ýurtlarda dollaryň ulanylşyny azaltmak maksady bilen açypdy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us