Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Pakistanyň Daşary işler ministri Jaýşankar bilen geçiren gepleşiginde, Russiýanyň Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky Kaşmir dartgynlygynyň çözülmegine goldaw berip biljekdigini aýtdy.
Täze Deli bilen Yslamabadyň arasyndaky dartgynlygyň artmagyna alada bildiren Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Lawrowyň şol bir wagtda Pakistanyň Wise-premýeri İsak Dar bilen gepleşik geçirendigini mälim etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Telegramdan beren beýannamasynda, “Russiýa 22-nji aprelde Kaşmiriň Pahalham sebitinde bolan terrorçylykly hüjüm sebäpli ýüze çykan dartgynlygyň Yslamabat bilen Täze Deliniň arasynda syýasy taýdan çözülmegine goşant goşmaga taýar”diýildi.
Beýannamada, Lawrowyň Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar bilen geçiren gepleşiginden iki gün soň Pakistanyň Wise-premýeri İsak Dar bilen gepleşik geçirendigi nygtaldy.
Sergeý Lawrowyň gepleşikde iki goňşy ýurduň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin çagyryş berendigi nygtaldy.
Geçen hepde Kaşmir jülgesindäki daglyk syýahatçylyk sebiti Pahalgamda guralan hüjümde şahsyýeti näbelli adamlar azyndan 26 adamy öldüripdi.
Musulman ilata eýe bolan Kaşmir, geçmişde birnäçe söweşi, pitnäni we diplomatik düşnüşmezlikleri başdan geçirdi.
Hindistan onlarça ýyldan bäri Russiýadan ýarag satyn alýan esasy ýurtlardan biri. Täze Deli bilen Moskwanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň geçmişi Sowen Soýuzyna çenli uzap gidýär.