TÜRKIÝE
2 minut okamak
QS 2026 dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda 26 türk uniwersiteti ýer alýar
6 Türk uniwersiteti QS 2026 dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda iň gowy 500 uniwersitetiň hatarynda ýer alýar
QS 2026 dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda 26 türk uniwersiteti ýer alýar
9 hours ago

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi, QS 2026 dünýäniň iň gowy uniwersitetleri sanawynda 26 türk uniwersitetiniň ýer alýandygyny mälim etdi. Şol sanawda dünýäniň 106 ýurdundan jemi 1500 uniwersitet bar.

Türkiýe sanawda 20-den gowrak uniwersitete eýe bolan ýurtlaryň arasynda 4-nji ýurt boldy.

Sanawda 11 türk uniwersiteti ilkinji müň uniwersitetiň hatarynda ýer aldy. Şolardan 9-nyň sanawy geçen ýyl bilen deňeşdirilende ýokarlady, 2-si öz ýerini gorap saklady. Sanawda uniwersitetlerden hiç biriniň öz derejesinden pese gaçmandygy ünsleri özüne çekdi.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşinden berlen beýannamada, 2 türk uniwersitetiniň ilkinji 300-lige, 4 türk uniwersitetiniň ilkinji 400-lige we 6 türk uniwersitetiniň hem ilkinji 500-lige girendigi bellenildi.

ODTÜ 269-njy ýerde, ITÜ 298-nji ýerde bolup dünýäniň iň gowy 300 uniwersitetiniň hataryna girmegi başardy.

Koç uniwersiteti 323-nji, Bogaziçi uniwersiteti bolsa 371-nji ýerde bolup, dünýäniň iň gowy 400 uniwersitetiniň hataryna girmegi başardy.

Sabanjy uniwersiteti 404-nji ýerde, Bilkent uniwersiteti bolsa 415-nji ýerde bolup, dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň hataryna goşuldy. Şeýlelikde 6 türk uniwersiteti dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň hatarynda orun aldy.

Hajettepe uniwersiteti 571-nji, Istanbul uniwersiteti 628-nji, Ankara uniwersiteti 697-nji, Ýyldyz Tehniki uniwersiteti 736-njy we Gazi uniwersiteti hem 915-nji bolup dünýäniň iň gowy müň uniwersitetiniň hataryna goşuldy.

QS Türkiýe habarnamasyna görä, ODTÜ, Bogaziçi we ITÜ “İş berijiniň abraýy” görkezijisinde dünýäniň iň gowy 100 uniwersitetiniň hatarynda ýer aldy.

Soňky görkezijiler türk uniwersitetleriniň we Türkiýäniň halkara derejesinde ylmy taýdan has çalt ösýändigini görkezýär.

Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Prof. Dr. Erol Özwar “Bu üstünlik tötänlik däl. Biz birlikde uly tagalla etdik we has gowy netijeler almaga dowam ederis. Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda giren ähli uniwersitetlerimizi gutlaýaryn” diýip belledi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us