SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýylyň guran soňky hüjümlerinde 100 palestinaly öldürildi
Ysraýyl öýlerini terk eden maşgalalaryň bolýan çadyrlaryny nyşana aldy. Howa hüjümlerinde onlarça adam öldürildi, ýüzlerçe adam ýaralandy.
Ysraýylyň guran soňky hüjümlerinde 100 palestinaly öldürildi
May 16, 2025

Ysraýylyň harby uçarlarynyň söweş sebäpli haraba öwrülen Gazada öýlerini terk edenleriň bolýan çadyrlaryny nyşana almagy sebäpli azyndan 94 palestinalynyň öldürlendigi mälim edildi.

Raýat goranyş gullugynyň metbugat sekretary Mahmud Basal, penşenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň demirgazykda ýerleşýän Jibaliýe şäherçesinde bir öýe guran hüjüminde bir maşgalanyň dolulygyna ýok bolandygyny nygtady.

Ertiriň irki sagatlarynda Ysraýylyň günorta ýerleşýän Han Ýunus şäherindäki öýlere we çadyrlara guran hüjümlerinde 36 adamyň ýogalandygy, zenanlar we çagalar bilen birlikde 60-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Saglygy goraýyş toparlary, düýn gije nyşana alynan öýleriň habaralygyndan ýene-de 30 jeset çykardy. Gözleg we halas ediş işleri hem dowam edýär.

Ysraýylyň Gaza, Jibaliýä we Han Ýunusa guran bombaly hüjümlerinde ýene-de 5 adamyň öldürlendigi bellenildi.

Han Ýunusyň Huzaa şäherçesinde Ysraýylyň guran hüjümlerinde ýene-de 1 palestinalynyň öldürlendigi, birnäçe adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýt Lahýa guralan hüjümlerde hem ýene-de 3 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşuny Jibaliýedäki Indoneziýa hassahanasyny we Al Awda hassahanasynyň töwereklerini bombalady.

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 53 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Halkara Jenaýat kazyýeti, geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Gallandyň Gazada adamzada garşy eden harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Ysraýylyň Gazada edýän genosidi sebäpli Halkara Adalat diwanynda iş gozgalypdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us