DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kiani iň belent 12 depä çykan pakistanly ilkinji zenan boldy
Naila Kiani, Nepal bilen Hindistanyň Sikkim sebitiniň arasynda ýerleşýän Kançenžanga dagynyň depesine çykdy.
Kiani iň belent 12 depä çykan pakistanly ilkinji zenan boldy
16 hours ago

Naila Kiani, Gimalaýda ýerleşýän dünýäniň iň belent 3-nji dagy bolan Kançenžanga, 8 müň metr belentlikdäki 12 depä çykan pakistanly ilkinji zenan boldy.

Pakistanyň Dagçylyk guramasy Naila Kianiniň Kançenžanga dagyna çykandygyny habar berdi.

Kançenžanga dagy Nepal bilen Hindistanyň Sikkim sebitiniň arasynda ýerleşýär.

Pakistanyň Dagçylyk guramasy tarapyndan berlen beýannamada, “Bu diňe dagyň depesine çykmak däl eýsem şol bir wagtda Pakistanyň dagçylyk taryhynyň öwrülşik nokadyny emele getirýär. Bu waka bizi diýseň buýsandyrýar. Naila 14 sany 8 müňlik dagyň depesine çykan 17 zenandan biri bolup biler” diýildi.

Bu waka Pakistan üçin taryhy pursat hökmünde häsiýetlendirildi.

Dagçylyk guramasynyň başlygy Karrar Haidri “Bu diňe şahsy üstünlik däl eýsem şol bir wagtda spordyň ähli şahasy boýunça zenanlaryň güýçlenmeginiň hem simwoly. Pakistan üçin buýsançy pursat” diýdi.

Kiani 2022-nji ýylyň awgust aýynda Pakistanda ýerleşýän dünýäniň ikinji belent dagy bolan K2-ä çykan pakistanly ilkinji ene bolupdy.

Bankda işleýän Kiani häzir Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýar.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us