Kerkler, agramy 3.500 kilograma çenli ýetip bilýän, galkana meňzeş deri bilen örtülen güýçli we çeýilgi jandarlardyr. Agramlaryna garamazdan, olar sagatda 54 kilometrden hem ýokary tizlige ýetip bilýärler.
Göwrüm bilen tizlik birleşende, ýokary tizlikli awtoulag heläkçiliginiň täsirine deň bolan 3,5 tonnadan gowrak güýç emele getirýär.
Ýabany tebigatyň hierarhiýasynda kerkler, arslanlardan on esse güýçli jandar hökmünde kabul edilýär. Emma beýle täsin DNK-sı bolan bu görnüşi bikanun awçylar üçin şeýle ejiz ýagdaýa getirýän zat näme?
Kerkleriň şahynyň bikanun ýabany tebigat bazarynda örän gymmatly bolmagy bikanun awçylyk torlarynyň bu ajaýyp haýwanlary awlamak üçin gorag çärelerini ýeňillik bilen geçmegine sebäp bolýar.
Keniýadaky kerkleriň 30%-ini özünde jemleýän ýörite ýabany tebigat goraghanasynda bikanun awçylara garşy göreş tehnologiýanyň iň täze gurallaryndan biri bolan emeli aň bilen alnyp barylýar.
Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasy (WWF) ýok bolma howpy abanýan gara kerkleri goramak üçin Keniýa daglarynyň belent gerişleri bilen Aberdare daglarynyň çür depeleriniň arasynda ýerleşýän Solio goraghanasyna emeli aň bilen enjamlaşdyrylan FLIR termiki kameralaryny oturtdy.
Bu enjamlaryň birnäçesi bikanun awçylaryň howp salmagy ähtimal bolan 49 müň gekdar meýdany eýeleýän goraghananyň haýatlarynyň bir böleginde ýerleşdirildi.
FLIR termiki kameralary jandarlaryň ýa-da adamlaryň çykarýan ýylylygynyň şöhlelenmesini duýup, ony göze görünýän şekile öwürýär.
Bu tehnologiýa garaňkylyk, tüsse, çyglylyk we gür ösümlik ýaly dürli şertlerde-de ýylylyk tapawudyny görmäge mümkinçilik döredýär.
WWF-Keniýanyň ýerine ýetiriji direktory Mohamed Awer şeýle diýýär: "Bu tehnologiýa Keniýadaky kerkleri goramak ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýän goragçylaryň iş netijeliligini ýokarlandyrýar."
Goragçylaryň sany ýeterlik däl
WWF-niň ýabany tebigat maksatnamasynyň başlygynyň orunbasary we Ýabany tebigat tehnologiýa laboratoriýasynyň müdiri Kolbi Luksyň aýtmagyna görä dünýäniň dürli künjeklerindäki goragçylaryň iň uly kynçylygy olaryň ýeterlik bolmazlygyndan ybarat.
"Bu tehnologiýa arkaly birnäçe kilometr meýdana 24 sagadyň dowamynda gözegçilik edip bilýär. Ýöne şonda-da has köp goragça zerurlyk bar" diýip, Luks belleýär.
Tehnologiýanyň goşandy bilen, ýaramaz howa şertlerinde we daglyk ýerlerde patrul gezýän goragçylaryň iş şertleri eslije ýeňledi.
Luks şeýle düşündirýär: "Termiki kameralaryň ählisi emeli aň bilen enjamlaşdyrylan we olar size ýakyn töwerekde bir adamyň ýa-da haýwanyň bardygyny habar berýär. Bu maglumata esaslanylyp, goragçylara bildiriş iberilýär."
Solio goraghanasynda iki sany gözegçilik otagy açyldy. Goragçylar bu ýerde kameralaryň iberýän şekillerini hepdäniň 7 güni gije-gündiz gözegçilikde saklaýarlar.
Solio goraghanasynyň müdiri Kewin Karr-Hartli şeýle belleýär: "FLIR kameralary netijeliligi ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, goragçylaryň howpsuzlygyny hem üpjün edýär, sebäbi olara näme bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklary barada anyk maglumat berýär."
Ygrarlylyk we batyrgaýlyk
Keniýanyň Ýabany Tebigat Gullugynyň baş müdiri doktor Erustus Kanga tebigaty goramak işiniň bilelikdäki tagallalara baglydygyna ynanýar.
"Şu soňky alty ýylda bu goraghanada ýekeje-de kerk ýitirmedik. Bu bolsa Soliodaky ygrarlylygyň aýdyň subutnamasydyr" diýip, doktor Kanga aýtdy.
2023-nji ýylyň ahyrynda emeli aň bilen üpjün edilen gözegçilik ulgamy ulanylmaga berleli bäri goraghananyň haýatlarynyň töwereginde bikanun awçylyk bilen baglanyşykly hiç hili hadysa bellige alynmady.
WWF-Keniýanyň kerk programmasynyň koordinatory Geofri Çege şeýle diýýär: "Solio ýurtdaky FLIR termiki kameralary bilen üpjün edilen üçünji kerk goraghanasydyr. Birinji goraghana 2016-njy ýylda Nakuru köli milli seýilgähinde, ikinjisi bolsa 2020-nji ýylda Ol Pejeta goraghanasynda döredilipdi."
Nobatçy goraghana hökmünde Meru milli seýilgähiniň saýlanmagyna garaşylýar. Sekiz ýyl ozal ilkinji kameralar oturdylandan bäri bikanun awçylara garşy göreşde ençeme tejribe toplanyldy.
Çege TRT Afrika beren interwýusynda şeýle diýdi: "Soliodaky FLIR kameralaryny ulanmak üçin gün energiýasyndan peýdalanýarys."
Maksat üstünlikli durmuşa geçirilýär
Halkara Tebigaty Goramak Bileleşigi gündogar gara kerkini iň ýokary howp astyndaky görnüşleriň hataryna goşdy.
Keniýanyň Gara Kerk Hereketi Meýilnamasy 1983-nji ýylda düzülende 1.000 kerke ýetmek mümkin däl ýaly görünýärdi.
Çege şeýle diýýär: "Gündogar Afrika ýurdy 1980-nji ýyllaryň ortalarynda 400-den az bolan gara kerkleriň sanyny iki esse artdyryp, mümkin däl diýilýäni hakykata öwürdi."
"Keniýa 2037-nji ýyla çenli 2.000 gara kerke ýetme maksadynyň ýarysyna eýýäm ýetdi. 22-nji sentýabrda Bütindünýä Kerkler Gününde bu üstünligi ýurtdaky ähli kerk gorag toparlaryna sowgat edýärin."