3 مايو 2025
Ukrainanyň howa güýçleri şu gün irden, Russiýanyň düýn gije Ukraina garşy 183 dron hüjümi bilen iki balistiki raketa hüjümini gurandygyny habar berdi.
183 drondan 77-niň urlup düşürlendigi, 73-niň bolsa haýsydyr bir ýitgä sebäp bolmazdan ýere gaçandygy nygtaldy.
Rus ýolbaşçylar, anna gijesi Ukrainanyň guran dron hüjümlerinde azyndan 4 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasyna görä, düýn gije Ukraina degişli 170 dron urlup düşürildi.
Beýannamada “Düýn gije ýerli wagt bilen sagat 22.00 bilen 05.00 aralygynda howa goranyş ulgamlarymyz tarapyndan Ukraina degişli 170 dron urlup düşürildi” diýildi.
Krasnodaryň gubernatory Weniamin Kondratýew, Noworossiýsk port şäherine uly zeper ýetirlendigini belledi.