MEDENIÝET
1 minut okamak
Türkiye Rimde geçirilýän sergide medeni gymmatlyklaryny sergileýär
Türkiyäniň medeni gymmatlyklary Rim şäherinde Ortaýer deňziniň umumy mirasyny orta goýan sergide sergilenýär.
Türkiye Rimde geçirilýän sergide medeni gymmatlyklaryny sergileýär
June 7, 2025

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Medeni miras we muzeýler boýunça Baş müdürligi anna güni beren beýanatynda, Türkiyeden 3 eseriň we bir nusga eseriň Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilýän sergide sergilenýändigi habar berildi.

Penşenbe güni açylan “Cybele – Magna Mater Idaea tra Roma, Tunisi e il Mediterraneo” atly sergi, Kolizeý Arheologik Park müdürligi bilen Tunisiň Milli miras instituty tarapyndan geçirilýär.

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi her ýyl millionlarça myhmany kabul edýän bu halkara sergi zalynda türk eserlerinin sergilenmeginiň, “eserlermiziň tanyşdyrylmagy we Italiýa bilen kökleri çuňňur bolan gatnaşyklarymyzy berkitmek” taýdan möhüm bir mümkinçilikdigini beýan etdi.

Tunisiň Zama gadymy şäherinden tapylan zatlar bilen birlikde, sergide jemi 92 sany gadymy eser sergilenýär. Olaryň arasynda Italiýanyň muzeýlerinden 30, Watikandan 3, Gresiýadan 4, ABŞ-dan 2, Germaniýadan we Daniýadan her birinden 1, Bolgariýadan 5 we Belgiýadan 10 sany eser bar.

Sergi 5-nji noýabra çenli myhmanlara açyk bolar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us