Peruda kazyýetlerden biri ozalky prezident Ollanta Humala we onuň aýaly Nadine Herediýany gara puly aklamakda günäli diýip tapyp, sişenbe güni olary 15 ýyl azatlykdan mahrum edendigini habar berdi.
Milli Ýokary Kazyýetiň kazylary Humalanyň we Herediýanyň Braziliýanyň belli gurluşyk firmasy Odebrechtden we Wenesuelanyň hökümetinden 2006-njy we 2011-nji ýyldaky saýlaw kampaniýalaryny maliýeleşdirmek üçin bikanun ýagdaýda 3 million dollar möçberinde pul alandygyny anykladylar.
Herediýa iki saýlaw döwründe-de Humalanyň kampaniýasyna ýolbaşçylyk edipdi.
Kazy Naýko Koronado olaryň bikanun çeşmelerden gelen pullary aklamak üçin dürli hereketleriniň subut edilendigini aýtdy we olaryň dessine tussag edilmegini buýurdy.
Karardan soň Herediýa Braziliýanyň Lýumadaky ilçihanasyndan syýasy başpena sorady. Peru döwletiniň Daşary işler ministrligi onuň 1954-nji ýyldaky Diplomatik Paşpenalyk Konwensiýasyna laýyklykda resmi taydan ýüz tutandygyny tassyklady.
Herediýanyň dogany Ilan Herediýa hem şol iş boýunça 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Häkimiýetler Humalanyň Lima şäherindäki Barbadillo tussaghanasynda jezasyny çekjekdigini tassykladylar. Şol tussaghanada birnäçe ozalky prezidentler hem saklanýar.
Bu karar bilen Humala soňky 20 ýylda Odebrecht galplyk galmagaly sebäpli tussag edilen üçünji peruly prezident boldy. Ozalky prezident Alejandro Toledo häzirki wagtda 20 ýyllyk jeza çekýär, Alberto Fuhimori bolsa birnäçe höküm bilen tussaglykda saklanýar.
Humala we Herediýa bilen bagly derňew işleri 2015-nji ýylda Odebrechtiň Latyn Amerikasy boýunça giň gerimli para berendigini aç-açan boýun almazyndan bir ýyl öň başlapdy.