TÜRKIÝE
1 minut okamak
Hakan Fidan “Ukraina we Gaza howp astynda” diýdi
Hakan Fidan, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary ýagdaýda Antalýada geçirilýän maslahatynda Ukraina söweşini we Gaza genosidini gün tertibine getirdi
Hakan Fidan “Ukraina we Gaza howp astynda” diýdi
15 de mayo de 2025

Daşary işler ministri Hakan Fidan, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary ýagdaýda Antalýada geçirilýän maslahatyna gatnaşýan kärdeşleriniň hormatyna beren agşam naharynda Ukraina söweşini we Gaza genosidini gün tertibine getirdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, NATO-nyň esasy gymmatlyklarynyň “Ukraina we Gaza ýaly ýerlerde” howp astyndadygyny nygtady.

Fidan çarşenbe güni NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary ýagdaýda Antalýada geçirlen maslahatyna gatnaşýan kärdeşleriniň hormatyna beren agşam naharynda eden çykyşynda, “Hyzmatdaşlygymyz tarapyndan goldanýan parahatçylyk we durnuklylyk ýaly esasy gymmatlara, Ukraina we Gaza ýaly ýerlerde uly howp abanýar” diýdi.

NATO-ny “adamzat taryhynyň iň işjeň guramasy” hökmünde häsiýetlendiren Fidan, guramanyň güýjüni eýe bolan harby mümkinçiliklerinden däl eýsem umumy gymmatlyklaryndan we ýörelgelerinden alýandygyny nygtady.

Hakan Fidan maslahatyň çäginde iýunda aýynda Gagada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň öňüsyrasynda birnäçe meseläniň seljeriljekdigini belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, tapawutly garaýyşlara garamazdan umumy maksatlar we borçnamalar meselesinde ygrarly bolmagyň möhümdigini nygtady.

Fidan, başdan geçirilýän käbir kynçylyklara garşy hökümetleriň batyrgaý kararlar kabul etmelidigini belledi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us