SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe diňe bir Kawkazyň däl eýsem tutuş sebitiň durnuklylygy üçin tagalla edýär
Prezident Erdogan, Türkiýäniň diňe bir Kawkazyň däl eýsem tutuş sebitiň durnuklylygy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýändigini aýtdy.
Türkiýe diňe bir Kawkazyň däl eýsem tutuş sebitiň durnuklylygy üçin tagalla edýär
há 11 horas

Prezident R. T. Erdogan, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen bolan duşuşygynda dowam edýän Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň diňe bir Kawkazyň däl eýsem tutuş sebitiň durnuklylygy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýändigini aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Erdoganyň Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümleri tarapyndan abanýan howpyň ortadan aýrylmagy üçin liderler bilen yzygiderli ýagdaýda aragatnaşyk saklaýandygy nygtaldy.

Preizdent Erdoganyň şol çäkde dowam edýän Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekendigi ýatladyldy.

Erdogan bilen Paşinýan anna güni Stambulda geçiren duşuşygynda, sebitara meseleler, Ankara bilen Ýerewanyň arasyndaky gepleşikler we Günorta Kawkazyň durnuklylygy üçin edilýän tagallalary ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň sebitiň galkynyşy üçin özara bähbide esaslanýan ähli tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Duşuşykda, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma etabynda ýetilen sepgit hem seljerildi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us