DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp: ABŞ Eýrana degişli üç sany ýadro desgasyny bombalady
ABŞ-nyn Prezidenti Eýranyň Fordodaky “birinji derejeli” ýadro desgasyna “doly ukyply bombanyň” atylanandygyny, Natanzdaky we Yspyhandakyd esgalaryň hem nyşana alynandygyny beýan etdi.
Tramp: ABŞ Eýrana degişli üç sany ýadro desgasyny bombalady
ABŞ Eýrana degişli üç sany ýadro desgasyny bombalady / AP
преди 11 часа

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Amerikan güýçleriniň Eýrandaky üç ýadro desgasyna garşy “iňňän üstünlikli” howa hüjümlerini gurandyklaryny beýan etdi. Bu hüjüm sebitde çaknyşyklaryň hasam giňelme howpuny artdyrdy.

Tramp Eýranyň Fordo şäherinde ýerleşýän “birinji” derejeli ýadro desgasyna “doly ukyply bomba” taşlanandygyny, Natanzdaky we Yspyhandaky desgalaryň hem goşmaça hüjümler bilen urlandygyny beýan etdi. Amerikanyň ähli uçarlarynyň Eýranyň howa giňişliginden howpsuz ýagdaýda çykandygyny aýtdy. Tramp bu beýanaty Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerine gatnaşyp, gatnaşmajakdygyna “geljek iki hepdäniň dowamynda karar bererin” diýmeginden iki gün soň berdi. Anna güni irsäher ABŞ-dan uçan we güýçli bombalary göterme ukybyna eýe bolan B-2 bombardyman uçarlarynyň ýola çykandygy hakyndaky habarlara metbugatda orun berilipdi. Emma Tramp hüjümlerde haýsy uçarlaryň ýa-da ok-däriniň ulanylandygyny aýtmady.

Sosial media hasabyndan “uçarlaryň ählisi häzirki wagtda howpsuz şertlerde öýe dolanýar. Beýik Amerikan söweşijilerimizi gutlaýaryn. Dünýäde şeýle hüjümi gurap biljek başga goşun ýok” diýip, ýazan Tramp, “İndi Parahatçylygyň Wagty! Bu meselä bolan gyzyklanmaňyz üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Fordo ýadro desgasy Eýranyň Kum şäheriniň golaýynda ýerleşýän we urany gaýtadan işlemek üçin ulanylýan ýerasty desgasydyr. Bu desga konwensional howa hüjümlerine çydamly aýratynlykda gurlup, Eýranyň iň çuň we goragly ýadro desgasy hasap edilýär. Eýran Tramapa Ysraýyl bilen bolan çaknyşyga gönüden goşulan halatynda “yza gaýdylmasyz netijeleriň” ýüze çykjakdygyny duýdurypdy. Tramp Tährana garşy harby güýç ulanjakdygyny ýygy-ýygydan gaýtalap, ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ýarag öndürmegine ýol bermejekdigini öňe sürüpdi. Tähran bolsa şol günäkärlemäni yzgiderli ret edip, ýadro maksatnamasynyň parahatçylykly maksatlar üçin düzülendigini beýan edýärdi.

Çaknyşyklar 13-nji iýunda Ysraýylyň Eýrandaky köp sanly pozisiýa-harby, ýadro we raýat desgalaryna- howa hüjümlerini başlatmagy bilen başlapdy. Tähran şol sebäpli ar-alyş maksatly raketa hüjümlerini gurady.

Ysraýylyň resmileri Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 25 adamyň ölendigini we ýüzlerçe adamyň ýaralandyğyny beýan etdi. Beýleki tarapdan Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň hüjümlerinde Eýranda 430 adamyň ýogalandygyny, 3.500-den gowrak adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us