Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran, Antalýanyň syýahatçylyk merkezi Belekte NEST kongres merkezinde şu ýyl 4-njisi geçirlen Antalýa Diplomatiýa forumynda, Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň diplomatiýa we ykdysadyýete ýetirýän täsirleri hakynda maglumat berdi.
Prezident R. T. Erdoganyň howandarlygynda we Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýolbaşçylygynda geçirlen foruma 155 ýurtdan döwlet we hökümet baştutany, ministrler, diplomatlar, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde 6 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Duran, Forum hakynda Anadoly habarlar gullugyna beýannama berdi.
Duran “Prezidentimiziň howandarlygynda, Daşary işler ministrimiz Hakan Fidanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen diplomatiýa forumynyň şeýle özboluşlylygy bar: Dünýäniň dürli platformalaryna, forumlaryna gatnaşmaýan, olara beýle uly ähmiýet berilmeýän ynsanlaryň bu forumda çykyş etmegi ýola goýuldy” diýdi.
Üç gün dowam eden forumda, Gaza, Ukraina, ABŞ-Hytaý-Russiýa gatnaşyklary, söwda söweşleri we Ýewropanyň howpsuzlygy ýaly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäginde 230-dan gowrak özara duşuşyk geçirildi.
Foruma Afrikaly ýokary derejeli 82 ýolbaşçynyň gatnaşandygyna ünsi çeken Duran, “Şu ýyl Antalýa diplomatiýa forumyna Afrika ýurtlaryndan gatnaşan ýokary derejeli 82 ýolbaşçy, foruma uly goşant goşdy” diýdi.
Duran, Türkiýäniň Afrikanyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň afrikalylar bilen birlikde özara bähbide laýyklykda çözmek üçin uly tagalla edýändigine ünsi çekdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Duran, “Türkiýe Afrikada ynamdar aktýor hökmünde kabul edilýär”diýip belledi.
Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen edýän söwda gatnaşyklarynyň mukdary soňky ýyllarda 10 esse artyp 3,6 milliard dollardan 36 milliard dollara çenli baryp ýetdi. Afrikadaky türk maýa goýumlary bolsa 92 milliard dollardan geçdi.
Duran, THÝ, Magarif gaznasy, TİKA we Ýunus Emre instituty ýaly guramalaryň Afrikada durmuşa geçirýän işleriniň özara gatnaşyklaryň ösmeginde uly rol oýnaýandygyny belledi.
Burhanettin Duran, ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde Türkiýäniň goranyş senagatyna we terrora garşy göreşe berýän goldawlary bilen Afrikanyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna uly goşant goşýandygyny ýatlatdy.
Somali bilen Efiopiýanyň arasynda 2024-nji ýylda gazanylan Ankara ylalaşygyna ünsi çeken Duran, Türkiýäniň töwellaçylyk tagallalary hakynda hem durup geçdi.