Bloomberg duşenbe güni beren habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.
Habara görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň Waşingtondaky ilçisi Oksana Markarowanyň çalşylmagy meselesi hakynda pikir alyşdy.
Ilçilik wezipesine ýokary derejeli ýolbaşçylar göz öňünde tutulýar
Habara görä, Zelenskiý, Ukrainanyň Daşary işler ministrligine amerikaly ýolbaşçylar bilen mesele boýunça gepleşik geçirmekleri üçin görkezme berdi.
Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi Markarowanyň ýerine dalaşgärleriň arasynda Premýer-ministr Denis Şmygal, Wise-premýer Olga Stefanişina, Goranmak ministri Rustem Umerow we Energetika ministri German Galuşçenkon hem bar.
Ozalky Maliýe ministri bolan Markarowa 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.
Zelenskiý “Belkide iň gowy söhbetdeşligimiz boldy”
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşligini, “örän möhüm we netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi we telefon söhbetdeşliginiň iki lideriň arasyndaky belkide iň gowy söhbetdeşlik bolandygyny nygtady.
Ukrainaly ýolbaşçylar Bloombergiň habary hakynda heniz hiç hili resmi beýannama bermedi