DÜNÝÄ
2 minut okamak
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýanyň Plato ştatynda guralan ýaragly hüjümde 50-ä golaý adam öldürildi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýa
April 15, 2025

Gyzyl haç guramasynyň resmisi duşenbe güni beren beýanatynda Nigeriýanyň Plato ştatynda şahsyýeti entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan takmynan 50 adamyň öldürilendigini habar berdi. Bu hadysa sebitara çaknyşyklar we ölüm howply ýer dawalary bilen tanalýan sebitdäki iň soňky zorlukly waka boldy.

Ýekşenbe güni gije Bassa ýerli dolandyryş sebitindäki Zike we Kimakpa obalaryna guralan hüjümde, ýaragly adamlar Plato ştatynyň Bokkos etrabynyň birnäçe obasyna hüjüm gurap, 48 adamyň ölmeginden iki hepde soň boldy.

Esasan hem çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda başdan geçirilýän ýer düşünişmezçilikleri, oba ýerlerinde howpsuzlyk güýçleriniň gowşaklygy we jezasyzlygyň giňden ýaýran Plato ştatynda ölümli zorluga öwrülýär.

Gyzyl Haç guramasynyň resmisi: “47 adamyň ýogalandygyny, 22 adamyň ýaralanandygyny we hassahanalara alynyp gidilendigini, 5 öýüň ýakylandygyny tassyklap bilerin” diýip habar berdi.

Zike obasynyň ýaşaýjysy Dorkas Jon: “Bize näbelli hüjümçiler obamyza gelip, her ýere ot açyp başladylar we sekiz adamy öldürdiler” diýdi.

Kimakpa obasynyň ýaşaýjysy Jon Adamu bolsa, hüjümçileriň onuň obasynda 39 adamy öldürendigini aýtdy.

Öldürmeleriň sebäbi we hüjümçileriň kimdigi duşenbe gününe çenli belli däldi. Polisiýa resmileri bu mesele boýunça soraglara jogap bermediler.

Jemgyýetara zorluk

Nigeriýanyň dürli milletlerden bolan millionlarça ilaty bilelikde ýaşasada, Plato ştatynda jemgyýetara zorluklar ýygy-ýygydan başdan geçirilýär.

Barlagçylar Plato ştatyndaky çaknyşyklaryň sebäbiniň umuman alnanda çylşyrymlydygyny aýdýarlar.

Afrikanyň iň köp ilatly ýurdy bolan Nigeriýanyň ilaty artmak bilen birlikde, daýhanlaryň ulanýan ýerleriniň möçberi hem artýar, şol bir wagtyň özünde çopanlaryň mal bakýan öri meýdanlary howanyň üýtgemegi sebäpli howp astynda galýar.

Ýerleriň adamlaryň ellerinden alynmagy we ýerli ýaşaýjylar bilen başga ýerlerden gelen adamlaryň arasyndaky syýasy-ykdysady dartgynlyklar soňky on ýyllyklarda bölünişikleri güýçlendirdi.

Geçen hepde ýurduň goşuny Bassa sebitinde ýiten 16 ýaşly çopanyň kelle kesilen jesedini tapdy. Çopanyň mallary hem ogurlanypdyr.

Şu aýyň başynda Bokkosda başdan geçirlen ölümlerden soň, ýerli resmileriň biri metbugat işgärlerine beren beýanatynda, zorlugyň “etniki we dini saplaýyşyň” netijesinde bolandygyny we hüjümçileriň “fula dialektinde” gepleşendiklerini aýan etdi.

Ýerli çopanlaryň biri şol beýanaty tankyt edip, fula diliniň resmi dil hökmünde bilinýändigini we ýurtda giňden ulanylýandygyny, hat-da jenaýatçylar tarapyndan hem ulanylýandygyny beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us