Türkiýäniň tehnalogiýa, awiasiýa we kosmos senagaty taýdan iň esasy çärelerinden biri bolan TEKNOFEST soňky gezek DKTR-da dabaraly ýagdaýda açyldy. Lefkoşa şäherinde geçirilýän we 4 gün dowam etjek serginiň birinji gününe 62 müň adam gatnaşdy.
Penşenbe güni dabaraly ýagdaýda başlan sergi, DKTR-nyň paýtagty Lefkoşada Erjan howa menzilinde, DKTR-nyň Prezidentiniň howandarlygynda geçirilýär.
Serginiň çäginde dürli bäsleşikler we şüweleňler geçirler.
Türk GSM operatory Turkcell tarapyndan geçirlen 5G synagynda döwrebap awtonom deňiz gämisi 5G aragatnaşygy arkaly uzakdan dolandyryldy.
Turkcell ilknji gezek 5G arkaly kapitansyz deňiz ulagyny synagdan geçirdi.
Tehnalogiýa bilen ruhy birleşdirýär
Üstünlikli ýagdaýda geçirlen synaglardan soň metbugata beýannama beren Turkcelliň Baş müdüri Ali Taha Koç, firmanyň innowasion aragatnaşyk tehnalogiýalary taýdan öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýändigini aýtdy.
Türk Tehnalogiýa topary T3 gaznasy we Türkiýäniň Senagat we tehnalogiýa ministrligi tarapyndan geçirilýän TEKNOFEST 2018-nji ýyldan bäri her ýyl onlarça edaranyň, hususy pudagyň we ýokary okuw jaýlarynyň goldaw bermeginde geçirilýär.
Anadoly Habarl gullugy hem festiwalyň global aragatnaşyk hyzmatdaşy bolmaga dowam edýär.
Stambul bilen birlikde Türkiýäniň birnäçe şäherinde geçirlen TEKNOFEST 2022-nji ýylda Azerbaýjanda geçirlipdi.
DKTR Azerbaýjandan soň TEKNOFEST-e ýer eýeçiligini edýän ikinji ýurt boldy.
2024-nji ýylda Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana şäherinde geçirlen TEKNOFEST-e 1,1 million adam gatnaşypdy.