SYÝASAT
2 minut okamak
Siriýa Trampyň sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky kararyny öwrülşik nokady hökmünde yglan etdi
Siriýanyň Daşary işler ministri Esad Hasan Şeýbani, ýurdunyň ABŞ bilen özara ynama we bähbide laýyklykda gatnaşyk etmäge taýardygyny aýtdy.
Siriýa Trampyň sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky kararyny öwrülşik nokady hökmünde yglan etdi
14 مايو 2025

Siriýanyň Daşary işler ministri, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky kararynyň diýseň möhüm öwülşik nokady bolandygyny aýtdy.

Hasan Şeýbani, sişenbe güni SANA habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Prezident Donald Trampyň Asadyň adminstrasiýasynyň eden jenaýatlary sebäpli Siriýa goýlan sanksiýalaryň bse edilmegi baradaky kararyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Şeýbani  “Karary birnäçe ýyl dowam eden söweşden soň ýurdunyň durnuklylygy we ýagty gelejegi üçin aýgytly ädim äden siriýanyň halky üçin öwrülşik nokady” hökmünde häsiýetlendirdi.

Siriýanyň Daşary işler ministri Şeýbani, “Karara oňyn garaýarys we ABŞ bilen özara ynama we bähbide laýyklykda gatnaşyk etmek isleýäris” diýip belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde sebit ýurtlarynyň liderleri bilen geçirjek gepleşiklerinden soň ABŞ-nyň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmegi barada görkezme berjekdigini aýtdy.

Tramp sişenbe güni Saud Arabystanynda geçirlen maýa goýum forumynda eden çykyşynda “Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda siziň mirasdar şazadaňyz we ýaňy ýakynda maňa telefon eden Türkiýäniň Prezident Erdogan we beýleki dostlarym bilen Ýakyn Gündogar hakynda pikir alyşandan soň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi barasynda görkezme bererin” diýdi.

Uly mümkinçilik

Tramp Riýatda geçirlen 2025 ABŞ-Saud Arabystany forumynda eden çykyşynda, ABŞ-nyň Siriýa goýlan sanksiýalary bes etmek bilen olara uly mümkinçilik bermek isleýändigini aýdypdy.

Trampyň bu beýannamasy paýtagt Damask bilen birlikde ýurduň çar tarapynda şatlyk bilen garşylandy.

Beýleki tarapdan Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şara, Tramp bilen sişenbe güni Riýatda duşuşdy.

Ertiriň irki sagatlarynda Saud Arabystanyna gelen Tramp, Papa Fransiskiň jynazasyna gatnaşmak üçin Italiýa guran gysga saparyndan soň Aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Katara we Birleşen Arap Emirliklerine barar.

Siriýanyň täze hökümeti, ýurduň agdarlan lideri Başar Asadyň mirasyndan halas bolmak üçin halkara we sebitara derejesinde özlerine goldaw berilmegi üçin çagyryş berýär.

Wagtlaýyn hökümet Asadyň agdarylmagyndan soň ABŞ we ÝB tarapyndan goýlan sanksiýalaryň ýurduň gaýtadan dikeldilmegini bökdeýändigini mälim edipdi.

25 ýyl Siriýany dolandyran Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçyp gidipdi, şeýlelikde Baas partiýasynyň 1963-nji ýylda başlan we onlarça ýyl dowam eden häkimiýeti ortadan aýrylypdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us