TÜRKIÝE
3 minut okamak
Erdogan: Türkiýe, çaknyşyk däl eýsem ylalaşyk isleýär
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň düzümi baradaky tankydy belliklerine ýene-de bir gezek ünsi çeken Prezident R. T. Erdogan “Dünýä bäsdeş uludyr” diýdi.
Erdogan: Türkiýe, çaknyşyk däl eýsem ylalaşyk isleýär
Erdogan: Türkiýe, çaknyşyk däl eýsem ylalaşyk isleýär / AA
12 avril 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda, halkara adalat, sebitleýin ylalaşyk we has giň gerimli dünýä ulgamy üçin çagyryş berdi. Türkiýäniň diplomatik tagallalaryna ünsi çeken Erdogan, Günbatarly ýurtlaryň halkara krizisleriň çözülmegi meselesine biperwar çemeleşmegini bolsa tankyt etdi.

Anna güni öz işine başlan 4-nji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş eden Erdogan, çaknyşygyň ýerine dialoga, geosyýasy hasaplaryň ýerine ahlaga uly ähmiýet berilmelidigini nygtady.

“Bölünen dünýäde diplomatiýa goldaw bermek” temasy bilen geçirilýän Antalýa diplomatiýa forumyna dünýä liderleri, ýokary derejeli ýolbaşçylar, ministrler, diplomatlar we hünärmenler gatnaşýar.

Prezident Erdogan forumda eden çykyşynda, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň düzümi hakyndaky tankydy belliklerine ýene-de bir gezek ünsi çekmek bilen “Dünýä bäşden uludyr” diýdi.

“Sebäbi adamzat bäşden uludyr” diýen Erdogan, häzirki halkara ulgamyň gurluşynyň indi maksadyna hyzmat etmeýändigini we döwrebap dünýäniň garaýyşlaryny kanagatlandyryp bilmeýändigini nygtady.

Resmi Ankara uzak ýyllardan bäri ösüp barýan ýurtlara sarpa guýýan adalatly we giň gerimli halkara ulgamyň döredilmegi üçin çagyryş berýär.

Sebite ýüzlenme: Türkiýe bu ýerde galmaga dowam eder

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň sebitde barlygyny dowam etdirmegine we liderligine ünsi çekip “Biz bu geografiýanyň diňe ýaşaýjylary däl eýsem şol bir wagtda onuň hakyky eýeleridiris”diýdi.

Erdogan “Biz asyrlardan bäri bärde we Beýik biribaryň goldaw bermegine asyrlar boýu bärde ýaşamaga dowam ederis” diýdi.

Erdoganyň bu sözleri, Türkiýäniň daşary syýasatynyň üýtgeýän şertlerine bagat gelýär. Ol sebitara gatnaşyklary kadalaşdyrmak, ykdysady täsirini güýçlendirmek, Günorta Kawkaz, Balkanlar we Ýakyn Gündogar ýaly sebitlerde diplomatiýa torgyny güýçlendirmek ugrunda tagalla edýär.

Parahatçylyk we abadançylyk isleýäris

Prezident Erdogan, sebitde parahatçylygyň we abançylygyň üpjün edimegini maksat edinýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan “Biz sebitimizde çaknyşyk däl eýsem ylalaşyk isleýäris. Gan, gözýaşy we dartgynlyk däl eýsem eşretli durmuş isleýäris”diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň daşary syýasatynyň diňe häzirki nesiller üçin däl, eýsem geljekki nesilleriň eşretli dünýäde ýaşamagyny maksat edinýändigini belledi.

Erdogan “Biz çagalarymyza eşretli dünýäni miras goýmak isleýäris” diýdi.

Ysraýyly berk tankyt etdi, halkara jemgyýetçiligine garşylyk görkezdi.

Çykyşynda Ysraýyly berk tankyt eden Erdogan, Ysraýylyň Gazada dowam edirýän harby hüjümlerini “genosid” hökmünde häsiýetlendirdi we halkara jemgyýetçiliginiň dymmak bilen Ysraýylyň jenaýatlaryna şäriklik edýändigini belledi.

“Ysraýylyň gyrgynçylyklaryna dymmak bilen syn etmek, şol jenaýata şäriklik etmek manysyny aňladýar” diýen Erdogan, wakara ýeterlik garşylyk görkezmeýän dünýä güýçlerini we halkara jemgyýetçiligini tankyt etdi.

Türkiýe, Gazadaky hüjümlere garşy çagyryş etmäge, halka ynsanper kömeginiň ýetirilmegi we jenaýatçylaryň jerimesini çekmegi üçin tagalla etmäge dowam edýär.

Türkiýäniň diplomatik täsiriniň güýçlenmegi

Antalýa diplomatiýa forumy, Türkiýäniň global gatnaşyny we ýumşak güýjüni görkezýän esasy platforma ýagdaýyna geldi. Forum, dünýä liderlerini we diplomatlary bir ýere jemleýär.

Şu ýylky forum, Ukrainadaky söweş, Ýakyn Gündogardaky dartgynlyklar we köp taraplaýyn guramalara bolan ynamyň pese gaçmagy ýaly halkara durnuksyzlygyň çuňlaşýan döwründe geçirilýär.

Erdoganyň çykyşy, Türkiýäniň häzirki global ulgama bolan nägileligini we bu ulgamyň ýerine adalata, giň gerimlilige we parahatçylyga esaslan täze ulgamyň gurulmagyny isleýändigini görkezýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us