SYÝASAT
1 minut okamak
Siriýa, Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Latakiýa portunda bugdaý importyny amala aşyrdy.
Ýüküň nireden gelendigi we gämidäki bugdaýyň mukdary hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.
Siriýa, Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Latakiýa portunda bugdaý importyny amala aşyrdy.
21 آوریل 2025

Bugdaý ýüklenen ýük gämisi geçen ýyl Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň ilkinji gezek Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Latakiýa portuna geldi.

Döwlet habarlar gullugy SANA-da ýekşenbe güni berlen habarda “Ozalky häkimiýetiň agdarylmagydnan soň ilkinji bugdaý importy Latakiýa portuna geldi” diýildi.

Habarda bugdaýyň nireden gelendigi we mukdary hakynda maglumat berilmedi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň berýän habaryna görä, Siriýanyň hökümeti mart aýynda 200 tonna bugdaýyň satyn alynmagy üçin tendr yglan edipdi.

Ozalky häkimiýetiň dekabr aýynda agdarylmagyndan soň, Russiýa Siriýa bugdaý eksport etmegi bes edipdi. Şeýlelikde Asadyň döwründe dowam eden durnukly bugdaý üpjünçiligi bes edildi.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bolsa, Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň çäginde Siriýa 500 tonna un berendiklerini mälim etdi.

Täze gurlan Siriýanyň hökümeti, ýurduň bugdaý üpjünçiliginiň ýola goýulmak we esasan goňşy ýurt Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin uly tagalla edýär.

Türkiýäniň Un senagatçylary federassiýasynyň başlygy Erhan Günhan Ulusoý fewral aýynda Anadoly habarlar gullugyna beren beýannamasynda, 2025-nji ýylda Siriýa 400 müň tonnadan gowrak unuň eksport edilmegine garaşylýandygyny belledi.

25 ýyla golaý Siriýany dolandyran Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçdy we 1963-nji ýylda başlan Baas partiýasynyň onlarça ýyl dowam eden häkimiýet döwri tamamlandy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Siriýada wagtlaýyn hökümet guruldy.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us