SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-nyň Ýemende ýangyç portuna guran hüjüminde onlarça adam ýogaldy.
ABŞ, 15-nji martdan bäri her gün diýen ýaly guraýan howa hüjümleri bilen, Husileriň Gyzyl deňizde we Aden aýlagyndaky gämilere guraýan hüjümleriniň öňüni almagy maksat edinýär.
ABŞ-nyň Ýemende ýangyç portuna guran hüjüminde onlarça adam ýogaldy.
18 kwietnia 2025

ABŞ-nyň Ýemende Hudeýde welaýatyndaky Ras İsa ýangyç portuna guran howa hüjümlerinde, saglygy goraýyş işgärleri bilen birlikde azyndan 38 adam ýogaldy.

ABŞ-nyň harby goşuny, porta penşenbe güni guralan hüjümiň Eýran tarapyndan goldaýan Husilere berilýän maliýe kömegini kesmegi maksat edinýändigini öňe sürdi.

Resmi Waşington 15-nji martdan bäri Husileriň Gyzyl deňizde we Aden aýlagyndaky gämilere guraýan hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen her gün diýen ýaly howa hüjümini guraýar.

Husiler Gazadaky palestinalylara goldaw bermek maksady bilen guraýan hüjümlerine 2023-nji ýylyň ahyrynda başlady.

Ysraýylyň harby goşuny, anna güni Ýemenden atylan rokatany täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini öňe sürdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTKOM tarapyndan berlen beýannamada, “Şol hüjümler Husilere ykdysady taýdan berilýän kömegiň bökdelmegini maksat edinýär. Husiler öz halkynyň ýitgi çekmegine sebäp bolmaga dowam edýär” diýildi.

Husileriň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Anees Alasbahi, ozal beren beýannamasynda, ilkinji kesgitlemelere görä, hüjümde 20 adamyň ýogalandygyny we ýogalanlaryň arasynda saglygy goraýyş işgärleriniň hem bardygyny mälim edipdi.

“Amerikan hüjüminden soň Ras İsa nebit portunda ýaralanan 50 işçi bar” diýen Alasbahi, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

ABŞ tarapyndan nyşana alynan port, Ýemeniň günbatarynda Gyzyl deňizde ýerleşýär.

Husileriň Al Masirah teleýaýlymy anna güni ir ertir beren Amerika tarapyndan guralan hüjüm hakyndaky habarynda, gämileriň daş-töwereginiň ýanýangyna üns çekdi.

Alasbahi, “Gözleg we halas ediş toparlary bilen saglygy goraýyş işgärleri, hüjümde ýoalanlaryň jesedini çykarmak we ýangyny söndürmek üçin elinden geleni edýär” diýdi.

Husiler, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan rehimsiz söweşinden soň yzygiderli ýagdaýda Ysraýyla raketa hüjümini guraýar.

Husileriň hüjümleri, dünýäde deňiz gatnawynyň 12 göterimine eýe bolan Sues kanalyndaky gämi gatnawyna uly zeper ýetirýär.

Hüjümler sebäpli birnäçe firma Günorta Afrikanyň çetki nokatlaryndan geçýän we gymmaty has ýokary bolan başga liniýalary ulanmaga mejbur bolýar.

ABŞ, ilki Prezident Jo Baýden döwründe Husilere garşy hüjüm guramaga başlady. Jo Baýdenden soň Prezident Donald Tramp hem Husileriň halkara deňiz gatnawyny bökdemeginiň öňüni almak üçin hüjümleriň dowam etjekdigini nygtady.

Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastýen Lekornu penşenbe agşamy Gyzyl deňizdäki fransuz fyrkadynyň Ýemenden atylan drony hatardan çykarandygyny aýtdy.

Lekornu “Ýaragly güýçlerimiz deňizleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge dowam edýär” diýdi.

 

 

 

 

 .

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us