Azerbaýjan, geçen aýyň ahyrynda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde guralan operasiýada iki raýatynyň göz tussaglygynda mahaly ýogalmagyndan son iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň ýokarlamagy sebäpli Russiýanyň Bakudaky ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.
Çarşenbe güni Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ilçi Mihail Ýewdokimowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Araz Azimow bilen duşuşandygy nygtaldy.
Duşuşykda Azimowyň Bakuwyň, Russiýa tarapyndan bir gün ozal waka hakynda beren beýannamasyny kabul etmeýändigine ünsi çekendigi nygtaldy.
Beýannamada ýogalan iki azerbaýjanlynyň bedeninde gynamalaryň edilendiginiň anyklanylandygy bellenildi.
Beýannamada şeýle hem “Reýdler bilen baglylykda Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde etniki hoşniýetsizligiň alamatlarynyň ýüze çykandygy we azerbaýjanlylar hakynda “etniki jenaýat topary” ýaly sözleriň ulanylmagynyň kabul edilmesizdigi” nygtaldy.
Beýannamada, Azerbaýjanyň wakanyň giň gerimli we obýektiw ýagdaýda derňelmegine we jogapkärleriniň jezalandyrylmagyna garaşýandygy ýatladyldy. Azerbaýjanyň pozisiýasynyň Russiýanyň içerki işlerine goşulyşmak hökmünde görkezilmeginiň “esassyzdygy” bellenildi.
Azerbaýjan tarapyndan Sputnik habarlar gullugynyň Azerbaýjandaky merkezinde görlen degişli çäreler bilen arabaglanşykly rus tarapynyň beren beýannamasynyň asylsyzdygy nygtaldy.
Mundan başgada geçen ýylyň dekabr aýynda Gazagystanda başdan geçirlen we uçardaky 67 ýolagçyndan 38-niň ýogalmagynda sebäp bolan Azerbaýjanyň howa ýollaryna degili uçar heläkçiligi hakyndaky hakykatlaryň Russiýa tarapyndan ýoýulmaga synanşylýandygy öňe sürüldi. Azerbaýjanyň aç-açan derňew işiniň geçirilmegine garaşýandygy nygtaldy.
Beýannamada Russiýa, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklardaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin degişli çäreleriň görülmegi üçin çagyryş berildi.
Russiýaly ýolbaşçylar Azerbaýjanyň beýannamasy hakynda heniz hiç hili garaýyş beýan etmedi.
Sişenbe güni Russiýa Azerbaýjanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyryp, Bakuwyň özara gatnaşyklara zeper ýetirmek maksady bilen “bilkastlaýyn hereket edýändigi” sebäpli protest notasyny beripdi.
27-nji iýunda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde guralan operasiýada azerbaýjanyň iki raýatynyň ýogalmagy we duşenbe güni Russiýanyň Sputnik habarlar gullugynyň Azerbaýjandaky merkezine guralan operasiýada iki adamyň saklanmagy iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy.