Amerikaly resmi, ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçirlen göniden we aýlawly gepleşiklerde öňe gidişlik edilendigini mälim etdi.
Resmi, şenbe güni beren beýannamasynda “Gelejek hepde ýene-de duşuşmak barada karar kabul etdik we gepleşikleriň geçirilmegi üçin amatly şert döreden omanly ýaranlarymyza, bizi şu gün duşuşdyran italiýaly hyzmatdaşlarymyza sagbolsun aýdýarys” diýdi.
Resmi, Rimde geçirlen gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň 4 sagatdan gowrak dowam edendigini nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi gepleşikleriň netijeli geçendigini belledi.
Arakçi, Eýranyň habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Bu gezek käbir ugurlar boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.
Arakçi, iki tarapyň arasynda nobatdaky tapgyra çenli çarşenbe gününden başlan Omanda hünärmenler derejesinde tehniki gepleşikleriň geçiriljekdigini belledi.
Eýranyň habarlar gullugy İRNA, üçünji tapgyr gepleşikleriň gelejek hepde geçiriljekdigini, emma gepleşikleriň geçiriljek ýeriniň näbellidigini mälim edipdi.
Gepelşiklere gaýdyp gelmek.
Geçen hepde şenbe güni Muskatda başlan aýlawy ýadro gepleşikleri Eýranyň ýadro meýilnamasyna gönükdi. İki ýurt Omanyň töwellaçylyk etmeginde aragatnaşyk saklaýar.
Arakçi 2015-nji ýylda geçirlen ýadro gepleşiklerine hem gatnaşypdy. Stiw Witkoff bolsa ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili.
Eýran häzire çenli urany 60 göterime çenli kämilleşdirdi. Şol san ylalaşykda ýer alýan 3,67 göterim çäklendirmesinden has ýokary, emma ýarag öndürmek üçin zerur bolan 90 göterimden pes.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 2015-nji ýylda Obama döwründe gazanylan ýadro ylalaşygynyň ýerine täze ylalaşyk gazanylman halatynda Eýrana garşy harby çäre görmek bilen hemle atdy.