SYÝASAT
2 minut okamak
Pakistanly tanymal ykdysatçy, syýasatçy we alym Hurşid Ahmad aradan çykdy.
1932-nji ýylyň 23-nji martynda Hindistanyň Deli şäherinde doglan Ahmad, uzak ýyllaryň dowamynda Pakistanyň senadynda iş alyp bardy. Ol Pakistanyň senagadynda Meýilleşdiriş komissiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi
Pakistanly tanymal ykdysatçy, syýasatçy we alym Hurşid Ahmad aradan çykdy.
14. April 2025

Pakistanly tanymal ykdysatçy, pelsepeçi, syýasatçy we yslam alymy Prof. Hurşid Ahmad, ýekşenbe güni Britaniýanyň Lester şäherinde 93 ýarşynda aradan çykdy. Maşgalasy we partiýasy Ahmediň 93 ýaşynda aradan çykandygyny mälim etdi.

1932-nji ýylyň 23-nji martynda Hindistanyň Deli şäherinde doglan Ahmad dürli wezipelerde işleýär. Üç gezek Pakistanyň senadyna agzalyga saýlanan Ahmad, ýurduň Meýilleşdiriş komisiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. Ahma, yslam edebiýaty, ykdysadyýet we sosial ugurlar boýunça birnäçe eser ýazdy.

1947-nji ýylda Hindistanyň bölünmeginden soň Ahmadyň maşgalasy Pakistana göçýär we Lahor şäherine ýerleşýär. Hurşid Ahmad 1949-njy ýylda şol döwrüň tanymal ylmy ojagy bolan we şu günki günde uniwersitete öwrülen Jowernment Koležde ykdysadyýet bilimini alýar.

Ahmad, 1962-nji ýylda Karaçi uniwersietinde ykdysadyýet boýunça magistlik derejesini alýar we doktorlyk derejesi üçin Britaniýa gidýär.1968-nji ýylda Lester uniwersitetinden doktorlyk derejesini alýar. Ahmad 1970-njy ýylda Lester uniwersitetiniň Hormatly doktory çinini alýar we şol ýyl uniwersitetde döwrebap pelsepe dersini bermäge başlaýar.

Yslam ykdysadyýeti

Ahmad,1950-njy ýyllarda ýurtda talyplaryň iň uly guramaçylygy bolan Yslami jemagat Talabanyň iki gezek ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirdi. Ahmad şeýle hem 2015-nji ýyla çenli 20 ýylyň dowamynda ýurduň dini syýasy partiýasy olan Yslam jemagaty partiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetdi.

Ahmad başga bir din alymy bilen birlikde Britaniýada Yslam missiýasy guramasyny gurýar. Şol guramaçylyk has soň Britaniýadaky iň uly musulman guramalaryndan birine öwrülýär. Hurşid Ahmad merkezi Yslamabatda ýerleşýän Syýasy işler institutynyň açylmagynda hem uly rol oýnaýar.

Onuň yslam ykdysadyýeti baradaky işleri, yslam ykdysadyýetinde hukugyň ösmegine itergi berýär. Hurşid Ahmad 20 ýylyň dowamynda köp tiražly yslam žurnaly bolan Taržuman-ul Kuranyň redaktory bolup işleýär.

Hurşid Ahmad 1990-njy ýylda halkara Kral Faýsal baýragyna laýyk görülýär. 2011-nji ýylda hem Pakistanyň iň uly sylagy bolan Üstünlik ordeni bilen sylaglanýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us