Goý bolsun edilen bir saýlaw we milletçi bir lideriň abraýynyň artmagy netijesinde Rumyniýa, Günbataryň täsiri we aşakdan gelýän özygtyýarlylygyň arasynda polýarlaşdyryjy soraglara sezewardyr. Analitikler garaşsyz sesleriň uzaklaşdyrylmagynyň halkyň närazylygyny çuňlaşdyryp biljekdigi barada duýduryş berýärler.
Rumyniýa, 24-nji noýabrda geçirilen Prezident saýlawynyň birinji tapgyrynyň goý bolsun edilmeginiň yz ýany syýasy tupanyň merkezinde durýar. Garaşsyz milletçi dalaşgär Kelin Georgesku, sesleriň 22,94 göterimini alyp, ilkinjileriň hataryna geçdi.
Kelin Georgeskunyň özgertmeleriň tarapdary bolan Save Romania Union (USR) partiýasyndan Elena Laskoni bilen 8-nji dekabrdaky ikinji tapgyrda bäsleşmegine garaşylýardy; emma saýlaw, goý bolsun edilmegi sebäpli amala aşmady.
Rumyniýanyň Konstitusion Kazyýetiniň (CCR), Russiýanyň goşulmagyny we bidüzgünçilikleri sebäp görkezip 24-nji noýabrda geçirilen saýlawyň netijelerini goý bolsun etmegi, ýurdy syýasy näbellilige eltdi.
Bu karar, jemgyýeti öjükdirip, demokratiýanyň ýagdaýyny we Gündogar Ýewropa ýurdundaky Günbatar täsiri baradaky jedelleri tutaşdyrdy.
Buharest uniwersitetiniň Syýasat ylymy fakultetinden Aleksandra-Alina Ýanku, TRT World kanalyna beren beýanatynda: “Buharest ýaly uly şäherlerde, ikinji tapgyr saýlawlaryň öňüsyrasynda artan dartgynlyk sebäpli saýlawyň goý bolsun edilmegine arkaýynlyk duýgusy bilen çemeleşilýär. Emma has golaýdan seredilende Kelin Georgeskunyň saýlawçylaryndan gelýän bir närazylyk we geljege degişli bir näbellilik duýulýar” diýip belledi.
Bu bulaşyk duýgusy, Rumyniýanyň Ýewropa Syýasatlary merkezi (CRPE) programmasynyň müdüri Aleksandru Damian tarapyndan hem bellenip geçilýär. Damian, atmosferany "dartgynly we näbelli" diýip taryplaýarka, resmilerden gelýän aragatnaşygyň ýetmezçiliginiň jemgyýetiň umytsyzlygyny artdyrýandygyny aýdýar.
Aleksandru Damian: "Indi, Georgeskunyň tarapdarlary kararlardan has hem biynjalyk bolýarka, Ýewropanyň tarapdary bolan tarap bu karara seresaplylyk bilen çemeleşýär” diýip belledi.
Rumyniýanyň Konstitusion Kazyýetiniň saýlawlary goý bolsun etmek baradaky karary, saýlaw tapgyryna daşary ýurtlaryň goşulandygyny öňe sürýän habarnamalaryň gizlinligi aýrylan aňtaw maglumatlaryna esaslanýardy.
Damianyň pikiriçe, Ýokary Goranmak Geňeşi (CSAT), bikanun maliýe goldawlary we örän gowy ýagdaýda maliýeleşdirilen bir sosial media kampaniýasy bilen birlikde, ençeme bidüzgünçilikleri ýüze çykardy. Georgeskunyň topary, şol çykdajylaryň çeşmesini düşündirip bilmedi.
Damian: “Kelin Georgesku kampaniýa döwründe çykdajynyň bolmandygyny bildirdi we Rumyniýadaky kampaniýa maliýeleşdiriş kadalary gaty takyk bolansoň, bu praktikada mümkin däldi," diýip belleýär.
Aleksandra-Alina Ýanku esasan hem Tik-Tokdaky Kelin Georgeskunyň kampaniýalaryna ünsleri çekip: “CCR, saýlaw tapgyryna bir daşary ýurt hökümetiniň goşulmagyny we Georgeskunyň onlaýn kampaniýasy bilen baglanyşykly bidüzgünçilikleri resmileşdirýän gizlinligi aýrylan aňtaw maglumatlaryny sebäp görkezdi ” diýdi.
Kelin Georgeskunyň meteoriti ýadyňa salýan beýgelşi
Kelin Georgeskunyň meşhurlygynyň tiz wagtda artmagy, Rumyniýanyň syýasy düzgünini bozdy. Bir wagtlar syýasatda känbir tanalmaýan bir şahs bolan Kelin Georgesku, aladaly bolan saýlawçylar bilen olaryň meseleleri barada gürrüň berýän bir kampaniýa arkaly aragatnaşygy ýola goýup, meşhurlyk gazandy.
Käbir analistler bu beýgelşi, ýönekeý rumynlaryň aladalaryny çuňňur ýagdaýda teswir edýän ugurlar bilen gönüden-göni baglanşdyrýar.
Syýasy analist we diplomatik geňeşçi Ioana Gomoi, Buharestde TRT World kanalyna beren beýanatynda: "Adamlar bu adamy däli ýaly mahabatlandyrýarlar” diýýär. Gomoi, Georgeskunyň meşhurlygynyň organiki ösendigini, sebäbi ilatyň ýaş böleginiň işsizligi, bilim özgertmeleri we parahatçylyk ýaly meselelere üns berendigini nygtaýar.
Georgeskunyň aşakdan gelýän "hakyky bir goldawynyň bardygyny” aýdan Gomoi, munuň sebäbiniň esasy syýasatçylaryň eýýäm uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän we göz öňüne tutmadyk meseleleriň üstünde gurandygyny aýdýar.
Gomoi: "Parahatçylyk, ilatyň ýaş böleginiň işsizligi, ýaş rumynlaryň göçi, bilim we oba hojalyk ulgamlaryndaky çöküş barada gürrüň berýär" diýýär we bu meseleleriň, onlarça ýyllyk syýasy durnuksyzlykdan ýadan ýurduň ünsüni özüne çekendigini nygtaýar.
Gomoi: "Rumynlar ýadady. Otuz ýyldan gowrak wagt bäri demokratiýa bar emma hiç zat üýtgemedi. Georgesku, adamlaryň ähmiýet berýän meseleleriň üstünde durýar" diýdi.
Gomoi: “Hiç resmi partiýa bilen baglanyşygy bolmasada, Georgesku aýratyn hem Tik Tok we beýleki sanly platformalary ulanyp möhüm goldaw aldy. Ol, Rumyniýanyň şu wagta çenli iň gowy inflýuenseri" diýýär.
Öňdäki Ýol: Georgesku Täzeden Dalaşgär Bolarmy?
Rumyniýanyň syýasy geljegi, täze hökümetiň düzülmegi we uly ähtimallyk bilen 2025-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek täze Prezident saýlawynyň senenamasyna bagly.
Ýewropanyň tarapdary bolan partiýalaryň arasynda bir koalisiýa hökümetini döretmek üçin resmi bolmadyk gepleşikler dowam edýär, emma bu tapgyrda köp kynçylyklar bar.
Ýanku : "Parlamentdäki partiýalar bir ylalaşyga gelselerem, täze koalisiýanyň ýokary parlament bölünme derejesi we ideologik dürlüligi sebäpli dartgynly pursatlar başdan geçiriler" diýip duýduryş berýär.
Gomoi: "Tutuş saýlaw tapgyry täzeden başlamaly, ol bolsa ençeme aýlap dowam edip biler" diýip belläp, Georgeskunyň golaýlap gelýän tapgyrdan uzaklaşdyrmak ugrunda potensial tagallalara görkezýär.
"Ähtimal täze dalaşgärleri göreris we Georgeskunyň dalaşgär bolmagyna päsgelçilik berlip bilner. Oňa garşy bir zat taparlar, edil öň başga bir dalaşgär bolan Diana Iowanowiç-Şoşoaka edişleri ýaly. Şoşoake Prezident saýlawyndan çetleşdirilipdi” diýip belleýär.
Emma Gomoi, Georgeskuny uzaklaşdyrmagyň syýasy gurluş üçin ýaramaz täsir bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
"Georgeskunyň täzeden dalaşgär bolmagyna päsgel bermek, halkyň umytsyzlygyny has hem artdyrar. Bu diňe onuň bilen baglanyşykly däl; onuň wekiliçilik edýän has uly meseleler bilen baglanyşyklydyr. Adamlar sesleriniň diňlenilmegini isleýärler we üýtgeşme talap etmegini bes etmezler" diýdi.
Georgeskunyň abraýy Rumyniýanyň AB we NATO çarçuwasyndaky ýolunda has çuň umytsyzlyklary görkezýär. Rumynlar AB agzalygynyň hödürleýän mümkinçiliklerini takdyr edýän hem bolsa, aýdylýan deňsizlikler barada närazylyklary bar.
Mysal üçin, Gomoi, ukrainaly bosgunlara berilýän ýokary maddy goldaw ýaly döwlet kömeklerindäki deňsizliklere ünsleri çekdi.
Gomoi: "Täze ýyl we Roždestwo golaýlap gelýärkä saçagynda iýmit tapyp bilmeýän köp sanda ýaşulylarymyz bar. Dermanyny alyp bilmeýän adamlar bar" diýýär.
Gomoi: "Ýurdumyz ilki öz halkyna üns bermelidir” diýýär.