DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanyň Harby-howa güýçleri: “Ýitgiler söweşiň bir bölegidir” diýdi
Hindistanyň goşuny ýitgiler barada jikme-jik maglumat bermedi, emma uçarmanlarynyň ählisiniň gaýdyp gelendigini aýtdy.
Hindistanyň Harby-howa güýçleri: “Ýitgiler söweşiň bir bölegidir” diýdi
May 12, 2025

Hindistanyň Harby-howa güýçleri bu hepde Pakistan bilen başdan geçirilen çaknyşyklardan soň goşunyň ýitgi çekip-çekmändigi bilen bagly soraga: “Ýitgiler söweşiň bir bölegidir” diýip belledi, emma jikme-jik maglumat bermedi. Şonuň bilen birlikde ähli uçarmanlaryň öýlerine gaýdyp gelendigini habar berdi.

Pakistanyň harby metbugat geňeşçileriniň biri, çarşenbe güni Roýter habarlar agentligine beren beýanatynda, Hindistana degişli 5 harby uçaryň ýere gaçyrylandygyny öňe sürdi, emma şol öňe sürmeler Hindistan tarapyndan tassyklanmady. Şol gün Hindistan dolanşygyndaky Kaşmirde iş alyp barýan hökümediň 4 resmisi Roýter habarlar agentligine Hindistanyň serhetaşa 9 sany Pakistan “terror infrastrukturasyny” nyşana alandygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň, 3 harby uçaryň federal zolakda ýee gaçandygyny aýan etdi.

Ýekşenbe güni ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki garşydaş döwletler birek-biregi ýaraşygy bozmakda aýyplanlaryndan birnäçe sagat soň hem ýaraşyk ylalaşygynyň güýjüni goraýandygy hasaba alyndy.

Ýaraşyk ylalaşygy 4 gün dowam eden raketaly, uçarmansyz howa ulagly we artilleriýa hüjümlerinden soň kabul edilipdi. Şol hüjümler azyndan 60 adamyň ýogalmagyna we müňlerçe adamyň başga howpsuz ýerlere göçmegine sebäp bolan 1999-njy ýyldaky çaknyşyklardan soň iň uly harby waka hökmünde hasaba alyndy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us