Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň "Türkiyäniň duýgurlygyny göz öňünde tutýan garaýşyny" goldaýandyklaryny we iki lider hökmünde Siriýa meselesinde birek-birege düşünýändiklerini aýtdy.
Erdogan çarşenbe güni Italiýa saparyndan gaýdyşyn beren beýanatynda: "Dostum Tramp bilen ikimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza täze döwürde has üýtgeşik bir itergi berjekdigine ynanýaryn" diýdi.
Erdogan, ilkinji pursatda Tramp bilen ikiçäk duşuşyk geçirjekdigini aýtdy we telefon söhbetdeşlikleriniň "örän mähirli, netijeli we dostlukly" geçendigini aýtdy.
Erdogan Ysraýylyň Siriýanyň çäginde guraýan hüjümlerini Damaskdaky täze hökümet bilen başlanan oňyn howany pese gaçyrmak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirip, Siriýadaky federal gurluşyň ýurduň hakykatyna laýyk gelmeýän arzuw-hyýaldan başga zat däldigini aýtdy.
Erdogan Italiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, Ankara bilen Rimiň diňe bir goranyş pudagynda däl, eýsem awiasiýa we kosmos ýaly ýokary tehnologiýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyk etjekdigini belledi.
Erdogan, iki ýurduň arasynda iki taraplaýyn tehnologik geçirişleriniň Türkiyäniň ýerli goranyş pudagyny güýçlendirjekdigini we Italiýany täze perspektiwalar we energiýa bilen üpjün etjekdigini nygtady.