Russiýa Ukraina garşy howa hüjümlerini gurap, Pasha ylalaşygyny bes etdi. Beýleki tarapdan bolsa Wladimir Putin Kiýewiň raýat infrastrukturasyna garşy hüjümleriň 1 aý möhlet bilen togtadylmagy baradaky teklip barada soraglar berdi.
Duşenbe güni guralan täze hüjümler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň iki tarapyň arasynda has giňişleýin ýaraşygyň baglaşylyp bilinjekdigi baradaky umytlara ýaramaz täsir ýetirdi. Trump şondan birnäçe sagat ozal şu hepde "ylalaşyk" baglaşylyp bilinjekdigini aýdypdy.
Putin ukrainaly resmileriň 30 sagatlyk bölekleýin gözegçilikde saklanan ot açmazlyk baradaky ýaraşykdan soň, gijäniň dowamynda uçarmansyz howa ulaglary we artilleriýa bilen hüjümleriň guralmagyndan soň: “Harby hereketler ýaňadandan başlandy” diýdi.
Taraplaryň ikisi hem Putiniň şenbe güni görkezme beren ot açmazlyk baradaky ýaraşygyň müňlerçe gezek bozulandygyny öňe sürdi. Emma Putin: “Umuman alnanda bular ýaly hereketlerde işjeňlik azaldy” diýip belläp, Ukraina tarapyndan ýerine ýetirilendigini öňe süren düzgün bozmalaryny sanap geçdi.
Putin: “Işjeňligiň azalmagynda hoşaldyrys we geljege sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ot açmazlyk baradaky ýaraşykdan hoşaldygyny belledi we Ukrainanyň goşunynyň rus güýçleriniň hereketlerine "simmetrik" jogap berjekdigi barada duýduryş berdi.
Kiýewiň resmileri Putiniň ýaraşygy teklip edip, propaganda ýeňşini gazanjak bolýandygyny öňe sürdi. Bu teklip, Trampyň üç ýyllyk urşy bes etmek ugrunda öňegidişlik edilendigini görmese, yza çekiljekdigini aýdanyndan birnäçe sagat soň gelip gowuşdy.
Zelenskiý duşenbe güni gözegçilik bilen bagly teklipler hödürläp, ýurt derejesinde howa hüjümleriniň boljakdygy barada duýduryş berilmezliginden hoşaldygyny beýan etdi. Bu teklip “uzak aralykly uçarmansyz howa ulaglar we raketalar bilen raýat infrastrukturasyna garşy guralýan hüjümleriň azyndan 30 gün möhlet bilen togtadylmagyndan” ybaratdy.
Zelenskiý “anyk jogaba” garaşýar
Putin Russiýanyň bu pikiri seljerjekdigini aýtdy, emma Ukrainany restoranlar we uniwersitetler ýaly raýat binalaryny harby maksatlar üçin ulanmak bilen aýyplap, onuň nähili durmuşa geçiriljekdigini sorady.
Russiýanyň belli bir hüjümi barada seýrek teswirler berýän Putin 13-nji aprelde harby baýrak gowşurylyş dabarasynda Ukrainanyň Sumy uniwersitet binasyny ulanandygyny öňe sürdi. Şol bir wagtlarda iki sany ballistik raketa şäheriň merkezine hüjüm gurap, azyndan 35 adamyň ölmegine sebäp bolupdy.
Zelenskiý duşenbe güni ot açmazlyk ýaraşygy bilen bagly teklibe “anyk jogap” bermegi üçin Russiýa çagyryş berdi.
Zelenskiý: “Ukraina iň bolmanda raýat infrastrukturalaryna garşy hüjümleriň guralmazlygy barada teklip hödürleýär. Moskwadan bolsa oňa anyk jogaba garaşýarys. Onuň nähili durmuşa geçiriljekdigi babatynda islendik görnüşde gepleşikler geçirmäge taýýardyrys” diýip belledi.